Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň,
welaýat Baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň welaýat kitaphanasynyň öňündäki
giň meýdançada geçiren dabarasy uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslendi.
Oňa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Arzuw», «Daýanç», «Balkan»,
Gyzylarbat şäherindäki «Dürdäne», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki
«Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga barýan
çagalar gatnaşdylar. Şol ýerde zehinli körpeleriň ýerine ýetiren
aýdym-sazlarynda ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmakda, nurana geljegini
üpjün etmekde döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar belentden-belent ýaňlandy. Soňra
çagalar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, ol ýerdäki
taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Bezelen awtobuslar bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine tarap
ýola düşen bagtyýar nesiller ýolugra welaýatymyzyň gözel binalaryny we ajaýyp
tebigatyny ruhy lezzet almak bilen synladylar.
Çagalar sagaldyş we dynç
alyş merkezleri ýaş nesillere gapylaryny giňden açdylar. Ol ýerlerde hem
çagalar aýdym-saz, uly şowhun bilen garşylandylar. Esasan hem çagalar aýdym-saz,
tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berlip, şirin owazly aýdym-sazlarda,
okalan goşgularda döwrümiziň, döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar
çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy.
Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly çäreleri welaýatymyzda
hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Şeýle dabaralar Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn
kenar» medeni-dynç alyş merkezinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem geçirildi.
Ýokary guramaçylyga, şatlyk-şowhuna beslenen çärelere bagtyýar nesiller höwes
bilen gatnaşdylar. Olarda röwşen geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesliň uly
aladalar bilen gurşalýandygy, Türkmenistan Diýarymyzyň çagalaryň arzuw-islegleriniň
hasyl bolýan ýurdudygy, çagalaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli
şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen nygtaldy.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň,
mekdep okuwçylarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly
aýdym-sazlary ol ýerlere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çagalaryň arasynda
milli oýunlar, surat çekmek, çägeden hem-de balykgulaklardan dürli şekilleri
ýasamak boýunça geçirilen bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Dürli
reňkli howa şarlary bilen bezelen «Çarlak» gämisinde guralan gezelenç çagalarda
ýakymly ýatlamalary galdyrdy.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli
welaýat saglygy dikeldiş-okuw terbiýeçilik toplumynda geçirilen çäre-de
şatlyk-şowhuna beslendi. Çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň ýörite sowgatlar gowşuryldy. Ýüzleri şatlykdan,
kalplary buýsançdan dolup duran bagtyýar çagalar özleri barada atalyk alada
edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini
aýtdylar.
Welaýatymyzda hem Türkmen halysynyň baýramy ýokary
ruhubelentlige beslendi. Halkymyzyň asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten
milli gymmatlyklarynyň biri bolan bu sungatyň baýramy mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň welaýat bölüminiň, welaýat
medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde
guran aýdym-sazly dabarasy täsirli pursatlary bilen ýatda galdy.
Dabarada edilen çykyşlarda türkmen halysynda
tebigatymyzyň gözellikleriniň öz beýanyny tapandygy, onuň ene-mamalarymyzyň
mähir-yhlasyndan, zehin-başarnygyndan dörän ajaýyp sungatdygy, her ýyl döwlet
derejesinde Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmeginiň ussat halyçy
gelin-gyzlarymyza, milli gymmatlygymyza goýulýan sarpanyň nyşanydygy barada
aýratyn nygtaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halyçy
gelin-gyzlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri
döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri
aýdyldy.
Baýramçylyk
keşbinde bezelen meýdançada türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryna giň orun
berlip, dürli mazmundaky sergiler guraldy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar
baýramçylyk dabarasyna baý öwüşgin çaýdy. Welaýatyň sungat ussatlary hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda
ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň, täze taryhy döwürde
daraklarynyň sesi batly ýaňlanýan halyçylarymyzyň, türkmen zenanlarynyň çeper
elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döreýän nesip halylarymyzyň waspyny buýsanç bilen beýan etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň
bezegi bolup, olaryň dabarasyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň döwrebap atçylyk
sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklary bolsa bedew janköýerleriniň
şatlyk-şowhunyna beslenýär. Geçen ýekşenbe güni Balkan atçylyk sport toplumynda
geçirilen ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji at çapyşyklary hem gyzykly
pursatlary peşgeş berdi.
Ilkinji çapyşyk 1200 metr aralyga boldy. Onda üçýaşar atlar öz aralarynda güýç
synanyşyp, B. Allanazarowyň Ýürekdeş atly dor bedewi pellehana ilkinji bolup
gelmegi başardy. Ikinji çapyşykda hem üçýaşar atlar güýç synanyşyp, bu gezegem
aralyk 1200 metrden ybarat boldy. Bu çapyşykda T. Tülegenowyň Şahymerdan atly
gara aty beýleki atlardan ozup, pellehanadan birinji bolup geçdi. 1800 metr
aralyga dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilen üçünji çapyşyk hem
çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe boldy. Onda M. Allaberdiýewiň Uçurym atly
dor atyna taý tapylmady. Dördünji çapyşykda hem 1800 metr aralyga dört we
ulyýaşar atlar bäsleşip, onda Ý. Esenowyň Garador atly dor bedewi öňdeligi hiç
kime bermedi.
Jemleýji bäşinji çapyşykda dört we ulyýaşar atlar ýene-de 1800 metr aralyga
güýç synanyşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen bu çapyşykda A. Mämmetnurowyň
Gözguwanjym atly al aty ýeňiji bolmagy başardy.
At çapyşyklarynda öňe
saýlanan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara dabaraly ýagdaýda
baýraklar gowşuryldy.
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň merdana,
agzybir hem zähmetsöýer halky ruhy päkligiň we hoşniýetliligiň baýramy bolan
Gurban baýramyna ýokary taýýarlykly geldi. Gurban baýramynyň ilkinji güni welaýatyň
Baş metjidi hasam köp adamly boldy. Bu ýerde ir säher bilen Baýram namazy
okaldy. Adamlar birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen mähirli gutladylar, Gahryman
Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet
müdirliginiň Gurban baýramynyň şanyna «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada
geçiren aýdym-sazly dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Hiňňildikleriň töwereklerinde
jemlenen adamlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary olaryň Gahryman Arkadagymyza
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baky hoşallyklarynyň, ata Watanymyza
çäksiz buýsançlarynyň aýdyň beýanyna
öwrüldi.
Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde welaýatyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi.
Zehinli bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň, tans hem-de döredijilik
toparlarynyň çykyşlary asyrlaryň dowamynda arzylanyp bellenilýän Gurban
baýramynyň ruhy joşgunyny özünde jemledi. Toý gazanlarynda taýýarlanan datly
milli tagamlar bu günki dabarany sözüň doly manysynda rysgal-berekediň,
mukaddes ojaga tagzymyň, agzybirligiň baýramyna öwürdi. Mähir-muhabbete,
aýdym-saza beslenen dabaralaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar dürli önümleriň we
amaly-haşam sungatynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň
sergileri bilen hem içgin tanyşdylar. Türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça guran
gyzykly ýaryşlarydyr görkezme çykyşlarynyň
janköýerleri-de ýetik boldy.