BALKAN WELAÝATY
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.
Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan
çäreler biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň
öňündäki meýdançada, Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde gojaman Hazar
deňziniň kenarynda geçirilen baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna,
ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň esasy dabarasy bolsa Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi. Oňa welaýat,
şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim,
saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly
eneler, bagtyýar ýaşaýjylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasy welaýat döwlet
drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy
bilen açyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary
joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda söz ussady Magtymguly Pyragynyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, täze taryhy
döwrümiziň beýik ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetirildi. Ussat şahyryň
şygyrlaryna döredilen türkmen halk aýdymlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet
paýlady. Folklor toparlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna, küştdepdidir
gazallaryna, welaýat drama teatrynyň artistleriniň ussat şahyra bagyşlap
taýýarlan sahna oýnundan bölege uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi. Bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan sergide muzeý gymmatlyklaryna, milli aýratynlyklarymyzy
şöhlelendirýän, asyrlaryň synagyndan geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten
amaly-haşam sungatynyň önümlerine, el işlerine, neşir önümlerine we beýleki
sungat eserlerine giň orun berildi.
Türkmen medeniýeti we sungaty barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler baýramçylyk dabarasynyň dowamynda joşgunly ýaňlandy.


Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar
sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şu günler bagtyýar ýaş nesiller tomusky
dynç alyş möwsüminiň hezilliklerden doly günlerini başdan geçirýärler. «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem ýaş
nesiller iň oňat şertlerde dynç alýarlar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýaş
nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmegi, oňat dynç almagy,
bedenlerini berkitmegi, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmagy üçin
döredilen şert-mümkinçilikler bilen tanyş bolanyňda, göwnüň hoş bolýar. Bu
merkezde täze okuw ýylyna çenli, ýagny tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar tapgyrma-tapgyr
dynç alýarlar we her tapgyrda 280 çaga kabul edilýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň çar
künjeginden gelen deň-duşlary bilen tanyşýan we dostlaşýan körpeleriň şatlygyna
şaýat bolanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar
hakyndaky aladalarynyň öz ajaýyp miwelerini berýändigine göz ýetirýärsiň.
«Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleriň
arasynda dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Olar sportuň
dürli ugurlary boýunça güýç synanyşýarlar, aýdym aýtmakda, goşgy okamakda,
surat çekmekde başarnyklaryny görkezýärler. Merkezdäki kompýuter otagy,
kitaphana, naharhana, sport zaly we meýdançasy, howuz… körpeleriň hyzmatynda.
Olar kitaphanada gyzykly ertekileri okaýarlar. Dürli gurnaklara gatnap, aýdym
aýdýarlar, saz çalýarlar. Muzeýlerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyş
bolýarlar. Deňziň kenarynda gezelenç edýärler. Ol ýerde köpçülikleýin sport
maşklaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz
merjeni» oýun-attraksionly seýilgählere guralýan gezelençler has-da täsirli
bolup, çagalar ol ýerlerde dürli oýunlary oýnaýarlar, hiňňildiklerde uçýarlar.
Hawa, «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bu ýerde hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar, olaryň özleri üçin iň ýokary derejede edilýän hyzmatlardan göwünleri örän hoş.

Galla oragyna
badalga berilmeginiň öň ýanynda welaýat häkimliginde geçirilen geňeş-maslahat
işjeň häsiýete eýe boldy. Welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we
jogapkär işgärleriniň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli
kärendeçileriň, şeýle-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen
geňeş-maslahatda welaýatymyzda galla
oragyny öz möhletinde ýokary hilli geçirip, Watan harmanyna 80 müň tonna azyklyk
däne tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek babatda öňde
durýan wezipeler hakynda gürrüň edildi.
Soňra galla
oragynyň başlanmagy mynasybetli dabara Bereket
etrabyndaky «Nusgawy meýdan» daýhan
hojalygynyň ekin meýdanynda dowam etdi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, asylly däbe görä, sylag-sarpaly
ýaşulularyň «Bismilla» diýen senaly sözleri bilen galla oragyna girişildi.
Welaýatymyzyň ýer eýeleri tutanýerli zähmet çekip, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly
baýramlarynyň dabaraly bellenjek ýylynda azyklyk guşgursak dänäniň bitginli
hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Galla oragynda işlediljek «СLAAS» we «Joon Deer»
kysymly kombaýnlaryň 102-niň öndürijilikli işledilmegi üçin düzüminde
mehanikler, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş
toparlarynyň 16-sy döredildi. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, zerur ätiýaçlyk
şaýlary bilen üpjün edilen bu toparlar hemişe iş üstünde bolarlar. Azyklyk bugdaýy
Gyzylarbat hem-de Bereket etraplaryndaky
galla kabul ediş kärhanalaryna öz wagtynda ýitgisiz daşamak üçin awtoulaglaryň
510-sy bökdençsiz işlediler. Galla kabul
ediş nokatlarynyň hem-de Gyzylarbat etrabynda her biri 50 müň we 30 müň tonna
däne saklamaga niýetlenen elewatorlaryň, dänäniň hilini
kesgitlejek barlamhanalaryň, ammarlaryň
irgözinden taýýarlanyp goýulmagy möwsümiň ýokary guramaçylykly ýagdaýda
geçjekdigine şaýatlyk edýär.
Dabaranyň
geçýän ýerinde guralan usuly-amaly maslahatda oba hojalyk toplumynyň, Türkmenistanyň
Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hünärmenleri, welaýat Polisiýa
müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri
çykyş edip, kombaýnlaryň iş düzgünleri, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý
etmegiň möhüm ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Bu ýerde atarylan toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanyp toý
pişmeleridir çelpekleri bişirildi. Hatara dikilen altyganat ak öýleriň ýanynda
türkmen halylary bilen bezelen telärlerde gelin-gyzlaryň ümeleri, monjugatdylarydyr
läleleri, joşgunly gazallary, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin
aýdym-sazlary, tans we halk döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary
gallaçylary belent üstünliklere ruhlandyrdy. Ekerançylyga we maldarçylyga
degişli oba hojalyk önümleriniň sergisi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän
senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň, senetkärçilige, halyçylyga,
zergärçilige hem-de sungatyň beýleki görnüşlerine degişli sergiler hem täsirli
boldy. Dürli sport çäreleri özboluşlylygy, ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.
Soňra ýygnalan dänäniň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulaglaryň kerweni «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky galla kabul ediş bölümine tarap ugradyldy. Olar galla kabul ediş bölüminde dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Bu ýerde ussat gallaçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.