Habarlar

Çagalaryň dynç alyş möwsümi başlandy

03.06.2026

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada geçiren dabarasy uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Arzuw», «Daýanç», «Balkan», Gyzylarbat şäherindäki «Dürdäne», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga barýan çagalar gatnaşdylar. Şol ýerde zehinli körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmakda, nurana geljegini üpjün etmekde döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar belentden-belent ýaňlandy. Soňra çagalar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, ol ýerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Bezelen awtobuslar bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine tarap ýola düşen bagtyýar nesiller ýolugra welaýatymyzyň gözel binalaryny we ajaýyp tebigatyny ruhy lezzet almak bilen synladylar.

Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýaş nesillere gapylaryny giňden açdylar. Ol ýerlerde hem çagalar aýdym-saz, uly şowhun bilen garşylandylar. Esasan hem çagalar aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berlip, şirin owazly aýdym-sazlarda, okalan goşgularda döwrümiziň, döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy.