Habarlar

Göwünleri joşdurýan Gurban baýramy

27.05.2026

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň merdana, agzybir hem zähmetsöýer halky ruhy päkligiň we hoşniýetliligiň baýramy bolan Gurban baýramyna ýokary taýýarlykly geldi. Gurban baýramynyň ilkinji güni welaýatyň Baş metjidi hasam köp adamly boldy. Bu ýerde ir säher bilen Baýram namazy okaldy. Adamlar birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen mähirli gutladylar, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Welaýat, Balkanabat şäher  häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň Gurban baýramynyň şanyna «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçiren aýdym-sazly dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Hiňňildikleriň töwereklerinde jemlenen adamlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary olaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baky hoşallyklarynyň, ata Watanymyza çäksiz  buýsançlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Zehinli bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň, tans hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary asyrlaryň dowamynda arzylanyp bellenilýän Gurban baýramynyň ruhy joşgunyny özünde jemledi. Toý gazanlarynda taýýarlanan datly milli tagamlar bu günki dabarany sözüň doly manysynda rysgal-berekediň, mukaddes ojaga tagzymyň, agzybirligiň baýramyna öwürdi. Mähir-muhabbete, aýdym-saza beslenen dabaralaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar dürli önümleriň we amaly-haşam sungatynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergileri bilen hem içgin tanyşdylar. Türgenleriň  sportuň dürli görnüşleri boýunça guran gyzykly ýaryşlarydyr görkezme çykyşlarynyň  janköýerleri-de ýetik boldy.