BALKAN WELAÝATY
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.
Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet
hepdeligi mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler biri-birine utgaşýar.
Şeýle dabaralaryň biri welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen
bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
öňündäki meýdançada geçirildi.
Bedew bady bilen öňe barýan döwrümizde hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallasy netijesinde medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmegine, milli
mirasyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere
ýetirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öz zehini, zähmeti we döredijilik
ukyby bilen has tapawutlanýan medeniýet we sungat ussatlaryna hormatly atlary dakmak
we döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Dabarada çykyş edenler
şular dogrusynda buýsançly gürrüň etmek bilen, medeniýete, sungata sarpa goýýan
hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada welaýatymyzyň medeniýet
we sungat ussatlary, folklor toparlary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine
döredilen aýdymlary, şeýle-de “Halkyň
Arkadagly zamanasy” ýylyny, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlary,
tanslary ýerine ýetirdiler.


Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan
Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynda welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen
aýdym-sazly dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň
rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýollaryň açylýandygy, ulgamyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda uly sepgitlere ýetilýändigi
hemmeleri guwandyrýar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bu hakykaty öwran-öwran
nygtap, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini, halypalara uly
hormat-sarpa goýulýandygyny, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny,
zähmetini gaýgyrmadyk ussat halypalaryň sungatyň dürli ugurlarynda döreden
özboluşly ýol-ýörelgeleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygyny
buýsanç bilen bellediler.
Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň, mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň
gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda welaýatymyzyň aýdym-saz we tans
toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, Arkadagly
Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.

Medeniýet we
sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli
Balkanabat şäherindäki Türkmeniň Ak öýi binasynyň toý dabaralar zalynda
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda aýdym sazly
baýramçylyk çäresi geçirildi.