Orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli
geçirilýän «Soňky jaň» dabarasy welaýatymyzyň bilim ojaklarynda hem ýokary
guramaçylyga eýe boldy. Orta mekdepleri tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna ak
pata alýan uçurymlaryň Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýurdumyzyň
berkararlygynyň baş nyşanlarynyň biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül
desselerini goýup, oňa tagzym etmekleri Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly
toýlanýan «Soňky jaň» dabarasyna badalga berdi.
Soňra
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly
şygar astynda geçýän esasy dabara welaýat merkezindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta
mekdepde dowam etdi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň uludan
toýlanjak ýylynyň uçurymlary, bilim
işgärleri, ata-eneler welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleri, welaýat Baş bilim
hem-de medeniýet müdirlikleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen
dabaranyň hormatly myhmanlary boldular. Dabaranyň açyk diýlip yglan edilmegi
bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy. Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we
ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda
ruhubelentlik döretdi.
Ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döredýän
şert-mümkinçilikleri üçin dabarada çykyş edenler Milli Liderimize hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdyp, şanly ýylyň
uçurymlaryna özbaşdak durmuşyň nurana ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle
göwün göteriji arzuwlaryň dowamy 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli
tamamlanýandygyny alamatlandyrýan soňky jaňyň owazyna ulaşyp, şol pursat
uçurymlaryň ak arzuwlarynyň nyşany bolan ak kepderiler, dürli röwüşli howa
şarlary asuda asmanyň bezegine öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda okuwyny ýokary bahalar bilen
tamamlap, dürli ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlik gazanan uçurymlara
Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň, mekdep
okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy tutumlary,
paýtagtymyz Aşgabadyň şäheriniň gözellikleri, abadan durmuşymyz wasp edildi.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat
kitaphanasyna guralan gezelençler uçurymlara ýatda galyjy pursatlary peşgeş
berdi. Tanymal sungat ussatlarynyň, mekdep okuwçylarynyň welaýat kitaphanasynyň
öňünde guran aýdym-sazly çykyşlary hem baýramçylyk gününiň täsirli çäreleriniň
üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni
welaýatymyzda şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki
Baş baýdak meýdançasyna welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, dili senaly
ýaşulular, mährem eneler, talyplar ýygnandylar. Belentden ýaňlanan Döwlet
senasynyň ýaňlanmagy bilen, ýaşyl Tugumyz dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk mynasybetli türkmen
halkyna iberen Gutlagy okalandan soň, çykyşlara giň gerim berildi.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde
ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, folklor we tans toparlarynyň, talyp ýaşlaryň
joşgunly tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşan adamlaryň ata Watanymyza,
merdana hem agzybir halkymyza, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň bitirýän beýik işlerine, al-asmanda erkana pasyrdaýan ýaşyl
Tugumyza bolan buýsançlaryny artdyrdy. Baýramçylyk meýdançasynda dürli reňkli şarlaryň hem-de parahatçylygyň
nyşany bolan ak kepderileriň asmana uçurylmagy has-da täsirli pursatlar boldy.
Goşa mukaddesligiň şanyna guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadançylygynyň,
ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekýän Milli
Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyp, egsilmez
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk
dabaralary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatymyzyň ähli
etrap-şäherlerinde hem uly şatlyk-şowhuna beslendi.
«Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi
mynasybetli «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at
bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda
geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak
patasy bilen «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen
hemmeleri gutladylar. Ýerli hünärmenler tarapyndan gurlan ilkinji gäminiň Beýik
Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny
ösdürmek, suw ýollary arkaly daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak, halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere düýpli itergi
berjekdigini nygtadylar. Munuň özi ykdysadyýetiň has-da berkemegine, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Maslahatda berkarar
Watanymyzy il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň durmuşa geçirilýän
ajaýyp mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle hoşallyk
sözleri medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlaryna, milli
tanslaryna utgaşdy. Şirin aýdym-sazlarda ajaýyp zamanamyzyň taryhy üstünlikleri,
bagtyýar durmuşymyz, beýik Garaşsyzlygymyz wasp edildi.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenme kabul edildi.
Balkan atçylyk
sport toplumynda ýekşenbe güni geçirilen ýazky at çapyşygy möwsüminiň nobatdaky
at çapyşyklary bedew janköýerlerinde uly täsirleri galdyrdy.
Üçýaşar atlaryň arasynda 1200 mert
aralyga geçirilen ilkinji çapyşykda T. Tülegenowyň Şahymerdan atly gara aty
birinji, M. Hajyýewiň Bagyrgözeli atly al bedewi ikinji, G. Nurmuhammedowyň
Tumar atly al aty üçünji bolup pellehanadan geçdiler.
1200 metr aralyga guralan ikinji çapyşyga
hem üçýaşar atlar gatnaşyp, Ý. Garaýewiň Isgender atly al aty birinji orny
eýelemegi başardy. Ikinji orna «Kuwwatly tagt» hususy kärhanasynyň Mähriban
diýen dor aty, üçünji orna Ý. Ýaryýewiň Üçgözel diýen dor bedewi mynasyp
boldular.
Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800
mert aralyga geçirilen üçünji çapyşykda T.Tülegenowyň Dagly atly dor atyna taý
tapylmady. R. Akmämmedowyň hojalygyna degişli Dagarman diýen gara at ikinji,
A.Durdygylyjowyň Şasenem diýen gara bedewi üçünji bolup pellehanadan geçdiler.
Dördünji çapyşygam 1800 mert aralyga
guralyp, onda hem dört we ulyýaşar atlar güýç synanyşdylar. «Kuwwatly tagt»
hususy kärhanasynyň Mähriban atly gara bedewiniň birinji orny eýelän bu
ýaryşynda ikinji orna M.Allaberdiýewiň Uçurym diýen dor aty, üçünji orna
N.Halapowyň Isgender atly dor aty mynasyp boldular.
Dört we ulyýaşar atlaryň
gatnaşmaklarynda 1800 mert aralyga geçirilen jemleýji bäşinji çapyşykda
pellehana birinji bolup T.Tülegenowyň Gözguwanjym diýen al aty geldi. Ikinji
orny «Kuwwatly tagt» hususy kärhanasynyň Yhlasym atly dor aty, üçünji orny
A.Orazowyň Sylap diýen al bedewi eýelediler.
Öňdäki orunlary eýelän bedewlere
serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna baýraklar gowşuryldy.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş
güni mynasybetli Balkan welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň hem-de
jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet
konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde aýdym-sazly çäre
geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler aldym-berdimli
söweşlerde, merdana gerçekleriň görkezen gahrymançylygy, tylda zähmet
çekenleriň edermenligi hakynda gürrüň etdiler, olaryň sarpasynyň hemişe
belentdigini buýsanç bilen bellediler. Ýaşlara watansöýüjilik ýörelgesini öz
ömürleriniň manysyna öwürmelidiklerini ündediler.
Dabarada welaýat medeniýet müdirliginiň sungat
ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik
işleriň, asuda hem-de parahat ýurdumyzyň waspyny ýetiren şirinden-şirin
aýdym-sazlar el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda uruş döwrüniň ýowuz
günlerini gören adamlara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Soňra harby
gullukçylaryň muzeýe gezelenji guraldy. Olar şöhratly taryhymyzy,
pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri şöhlelendirýän muzeý
gymmatlyklaryna syn etdiler.