Habarlar

Çagalaryň bagtyýarlygy baradaky aladanyň nyşany

01.06.2026

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly çäreleri welaýatymyzda hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Şeýle dabaralar Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn kenar» medeni-dynç alyş merkezinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem geçirildi. Ýokary guramaçylyga, şatlyk-şowhuna beslenen çärelere bagtyýar nesiller höwes bilen gatnaşdylar. Olarda röwşen geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesliň uly aladalar bilen gurşalýandygy, Türkmenistan Diýarymyzyň çagalaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurdudygy, çagalaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen nygtaldy.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary ol ýerlere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çagalaryň arasynda milli oýunlar, surat çekmek, çägeden hem-de balykgulaklardan dürli şekilleri ýasamak boýunça geçirilen bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Dürli reňkli howa şarlary bilen bezelen «Çarlak» gämisinde guralan gezelenç çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

 Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýat saglygy dikeldiş-okuw terbiýeçilik toplumynda geçirilen çäre-de şatlyk-şowhuna beslendi. Çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýörite sowgatlar gowşuryldy. Ýüzleri şatlykdan, kalplary buýsançdan dolup duran bagtyýar çagalar özleri barada atalyk alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.