Oba hojalyk

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda Balkan welaýatynda hem uly işler alnyp barylýar.

Welaýatda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýatda ornitologik goraghana 1932-nji ýylda işläp başlady hem-de biziň sebitlerimize gyşlamak üçin uçup gelýän dürli görnüşli, köp sanly g uşlary goramak wezipesini ýerine ýetirdi. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen, 1994-nji ýylda ol Hazar döwlet tebigy goraghanasyna öwrüldi. Hazar döwlet tebigy goraghanasy öz çäklerinde biologik köpdürlüligi gorap saklamak, köpeltmek boýunça möhüm işleri amala aşyrýar. Goraghana üç bölümi: Hazar, Esenguly bölümlerini, Ogurjaly çäkli goraghanasyny özüne birleşdirýär.

Goraghanada ösümlikleriň jemi 416-synyň we kömelekleriň hem birnäçe görnüşiniň duş gelýändigi mälimdir. Şolardan 8-si seýrek duş gelýän ösümlikler hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşiriniň sanawyna girizilendir. Şeýle-de goraghanada guşlaryň 300-den gowrak, balyklaryň 61, süýdemdirijileriň 46, süýrenjileriň 39 görnüşi hasaba alnandyr. Şonuň ýaly-da goraghananyň suw giňişliklerinde Türklmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Hazar ýylansypat balygy, bekre, azatmahy ak azatmahy duş gelýär.

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň “Tebigat” muzeýi şäheriň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Muzeýiň bezeginiň örän owadandygy, guşlaryň we ýabany haýwanlaryň iňňän ussatlyk bilen ýasalan gäpleri, esbaplaryň ýerleşdirilişiniň ýabany-tebigy şertlere juda meňzeşdigi görenleri haýran galdyrýar hem-de ýaşyna garamazdan ähli adamlarda tebigata çäksiz söýgi döredýär.

Magtymguly etrabynda ýerleşýän Sünt-Hasar dag döwlet tebigy goraghanasy 1978-nji ýylda döredilýär. Goraghananyň umumy tutýan meýdany 30261 gektardyr.

Güno rta — Günbatar Köpetdagyň ösümlik dünýäsi görnüşleriniň baýlygy, endemikleriň (başga hiç ýerde gabat gelmeýän ösümlikleriň) köplügi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde 1300-den gowrak görnüşler ýüze çykarylypdyr we şolardan 115 görnüş Köpetdagyň endemikleridir. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine girizilen 115 görnüşli ösümliklerden 34 görnüşine goraghanada duş gelinýär. Goraghananyň baý haýwanat dünýäsi hem bardyr. Bu ýerde mör-möjekleriň 2400 töweregi görnüşi duşýar. Sumbar, Çendir derýalarynda we sebitiň köp sanly dag çeşmelerinde balyklaryň 6 görnüşi gabat gelýär. Goraghanada guşlaryň 160-dan gowrak görnüşi duşýar. Ownuk süýdemdirijilerden ýarganatlaryň 20 görnüşi, kirpileriň 2 görnüşi, ýer köwüjileriň 4 görnüşi, gemrijileriň 23 görnüşi gabat gelýär.