Dynç almak üçin döredilen ajaýyp şertler
Gozgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminiň häzirki sapaly
günlerinde Balkan welaýat häkimliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan»
dynç alyş we sagaldyş merkezinde uly adamlar bilen birlikde, bagtyýar çagalar
hem döwrebap dynç alýarlar. Merkez 300 orundan ybarat bolup, onuň 200-si uly
adamlara, 100-si bolsa çagalara niýetlenilendir. Bu ýere dynç almaga gelýän
raýatlar, şol sanda çagalar mähir bilen garşylanylýar we uly alada bilen
gurşalyp alynýar. Olaryň ýokary derejede dynç almaklary, saglyklaryny
berkitmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş
ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli şertler döredilendir. Döredijilik
bäsleşikleri, sport ýaryşlary, deňziň üstünden öwüsýän jana şypaly howa,
baglaryň, gülleriň anbar ysy, tebigatyň gözelligi dynç alýanlarda bu ýere
ýene-de gelmäge höwesi döredýär.
«Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň her
tapgyrynda 100 çaga kabul edilýär. Merkeziň agzybir işgärleri ýaş nesilleriň ýokary derejede dynç almaklary,
wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmekleri üçin yhlaslaryny, tagallalaryny
gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde çagalar kitap okaýarlar, dürli oýunlary oýnaýarlar,
sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar, wagtly-wagtyna naharlanyp, kadaly ukularyny
alýarlar. Bagtyýar çagalaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlaryny göreniňde,
sagaldyş we dynç alyş merkeziniň işgärleriniň tagallalarynyň ýerine
düşýändigine göz ýetirýärsiň.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomusky dynç alyş
möwsüminde özleriniň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri babatda
döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin raýatlarymyzyň, şol sanda bagtyýar
çagalaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary
egsilmeýär.