Habarlar

Welaýatymyzyň zenanlarynyň üstünligi

14.07.2026

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guralýar.

Keçe sungatyna bagyşlanan bu bäsleşigiň ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen döwlet tapgyrynyň birinji şertinde oňa gatnaşan zenanlar ýüň saýlap almak, boýamak, daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Keçe taýýarlamak üçin gerekli gurallaryň atlary hem-de olaryň ulanylyşy hakda gürrüň berdiler.

Ikinji şertde keçe sungatynyň ussatlary öz welaýat aýratynlyklaryna görä, dürli gadymy nagyşlary salyp, keçe güllediler. Olaryň güllän keçeleriniň boýy 1,5 metr, ini 1 metr bolup, «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan», «gelinbarmak» ýaly ene-mamalarymyzdan miras galan nagyşlar bilen bezeldi.

Üçünji şertde keçe bilen bagly rowaýatlar, onuň nagyşlarynyň aňladýan manysy, bu gadymy senet bilen bagly yrymlar hakda gürrüň berdiler. Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylar öz aralarynda keçe sungaty bilen bagly saýlap alan ugurlary barada giňişleýin durup geçdiler.

Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň arasynda dürli kärde zähmet çekýänleri bar. Balkan welaýatyndan Amantäç Bagyýewa Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisidir. Ol hem keçe sungatynyň ezber ussatlarynyň biri. Aýsoltan Allagulyýewa bolsa Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgüniň bagşysy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan baýram ediljek ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň ähmiýeti örän uludyr. Milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, ony ýaş nesliň arasynda wagyz etmek bilen gadymy keçe sungatymyzy geljek nesillere ýetirmek bäsleşigiň baş maksadydyr.

Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, bäsleşigiň baş baýragyna Balkan welaýatynyň, birinji orna Daşoguz welaýatynyň, ikinji orna Arkadag şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň, üçünji orna bolsa Aşgabat şäheriniň, Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň çeper elli zenanlary mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.