Halyçylyk sungatyna belent sarpanyň nyşany
Welaýatymyzda hem Türkmen halysynyň baýramy ýokary
ruhubelentlige beslendi. Halkymyzyň asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten
milli gymmatlyklarynyň biri bolan bu sungatyň baýramy mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň welaýat bölüminiň, welaýat
medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde
guran aýdym-sazly dabarasy täsirli pursatlary bilen ýatda galdy.
Dabarada edilen çykyşlarda türkmen halysynda
tebigatymyzyň gözellikleriniň öz beýanyny tapandygy, onuň ene-mamalarymyzyň
mähir-yhlasyndan, zehin-başarnygyndan dörän ajaýyp sungatdygy, her ýyl döwlet
derejesinde Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmeginiň ussat halyçy
gelin-gyzlarymyza, milli gymmatlygymyza goýulýan sarpanyň nyşanydygy barada
aýratyn nygtaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halyçy
gelin-gyzlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri
döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri
aýdyldy.
Baýramçylyk
keşbinde bezelen meýdançada türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryna giň orun
berlip, dürli mazmundaky sergiler guraldy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar
baýramçylyk dabarasyna baý öwüşgin çaýdy. Welaýatyň sungat ussatlary hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda
ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň, täze taryhy döwürde
daraklarynyň sesi batly ýaňlanýan halyçylarymyzyň, türkmen zenanlarynyň çeper
elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döreýän nesip halylarymyzyň waspyny buýsanç bilen beýan etdiler.