Sport

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty. Baş müdirliginiň garamagynda häzirki wagtda 20 sany sport mekdepleri we 6 sany sport desagalary hereket edýär. Welaýat boýunça jemi sportuň 30-a golaý görnüşi boýunça türgenleşik işleri alnyp barylýar.
Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagyndaky Balkanabat şäheriniň 10 müň tomaşaçy ýerleşýän ajaýyp stadionly köpugurly sport toplumy 2009-njy ýylyň 11-nji awgustynda ulanylmaga berlip, onuň umumy meýdany 13 gektardan ybaratdyr. Desga, esasan, spotuň 6 görnüşi üçin niýetlenip, onda basketbol, woleýbol, boks, göreş, suwda ýüzmek, agyrlyk götermek boýunça türgenle\ikleri hem-de ýaryşlary geçirmäge mümkinçilikler bardyr.