Habarlar
04.06.2026

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşik geçirildi. Oňa gatnaşan gelin-gyzlar bäsleşigiň şertine görä, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaba esaslanyp, milli tagamlary taýýarladylar, toý saçagyny bezediler, tagamlary taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler.  

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, welaýat Baş bilim müdirliginiň gelin-gyzlary baş baýraga mynasyp görüldi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň toparlary birinji, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň zenanlary ikinji orunlary eýelediler. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň toparlary üçünji orunlara mynasyp boldular.

04.06.2026

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanynyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Aşyrmyrat Gurbanowyň, Akmuhammet Hanowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» diýlip atlandyryldy.

         Döredijilik duşuşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy ýetirilip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna, ýaşlaryň döredijiligine uly üns berilýändigi aýratyn nygtalyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

         Döredijilik işgärlerinden ybarat toparyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen döredijilik duşuşygy-da täsirli boldy. Täsirli söhbetlere, aýdym-sazlara beslenen döredijilik duşuşygy ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýolunyň günsaýyn ösýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

03.06.2026

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 3-nji iýunynda şatlyk-şowhunly çärelere beslenýän Bütindünýä welosiped güni «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem welaýatymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenip geçildi.

Ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny nobatdaky gezek görkezen halkara sene mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen aýdym-sazly dabara il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda mähriban Watanymyzyň, ösüşlere beslenýän döwrümiziň, sagdyn durmuşyň, sportuň waspy, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk keşbine beslenen meýdançada ýaş türgenleriň ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, welaýatymyzyň ezber türgenleriniň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi hem ýaýbaňlandyrylyp, dabaranyň many-mazmunyny artdyrdy.

         «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Edara-kärhanalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler ir säherde geçirilen ýörişe ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Balkanabadyň döwrebap şaýollarydyr köçeleri bilen birnäçe kilometre dowam eden ýörişiň geçýän ugrunda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

         Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan medeni-sport çäreleri, ýaryşlar welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde ýokary derejede geçirildi.

03.06.2026

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada geçiren dabarasy uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Arzuw», «Daýanç», «Balkan», Gyzylarbat şäherindäki «Dürdäne», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga barýan çagalar gatnaşdylar. Şol ýerde zehinli körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmakda, nurana geljegini üpjün etmekde döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar belentden-belent ýaňlandy. Soňra çagalar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, ol ýerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Bezelen awtobuslar bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine tarap ýola düşen bagtyýar nesiller ýolugra welaýatymyzyň gözel binalaryny we ajaýyp tebigatyny ruhy lezzet almak bilen synladylar.

Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýaş nesillere gapylaryny giňden açdylar. Ol ýerlerde hem çagalar aýdym-saz, uly şowhun bilen garşylandylar. Esasan hem çagalar aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berlip, şirin owazly aýdym-sazlarda, okalan goşgularda döwrümiziň, döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy.

01.06.2026

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly çäreleri welaýatymyzda hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Şeýle dabaralar Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn kenar» medeni-dynç alyş merkezinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem geçirildi. Ýokary guramaçylyga, şatlyk-şowhuna beslenen çärelere bagtyýar nesiller höwes bilen gatnaşdylar. Olarda röwşen geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesliň uly aladalar bilen gurşalýandygy, Türkmenistan Diýarymyzyň çagalaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurdudygy, çagalaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen nygtaldy.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary ol ýerlere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çagalaryň arasynda milli oýunlar, surat çekmek, çägeden hem-de balykgulaklardan dürli şekilleri ýasamak boýunça geçirilen bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Dürli reňkli howa şarlary bilen bezelen «Çarlak» gämisinde guralan gezelenç çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

 Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýat saglygy dikeldiş-okuw terbiýeçilik toplumynda geçirilen çäre-de şatlyk-şowhuna beslendi. Çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýörite sowgatlar gowşuryldy. Ýüzleri şatlykdan, kalplary buýsançdan dolup duran bagtyýar çagalar özleri barada atalyk alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.