Behişdi bedewleriň bäsleşigi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň
bezegi bolup, olaryň dabarasyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň döwrebap atçylyk
sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklary bolsa bedew janköýerleriniň
şatlyk-şowhunyna beslenýär. Geçen ýekşenbe güni Balkan atçylyk sport toplumynda
geçirilen ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji at çapyşyklary hem gyzykly
pursatlary peşgeş berdi.
Ilkinji çapyşyk 1200 metr aralyga boldy. Onda üçýaşar atlar öz aralarynda güýç
synanyşyp, B. Allanazarowyň Ýürekdeş atly dor bedewi pellehana ilkinji bolup
gelmegi başardy. Ikinji çapyşykda hem üçýaşar atlar güýç synanyşyp, bu gezegem
aralyk 1200 metrden ybarat boldy. Bu çapyşykda T. Tülegenowyň Şahymerdan atly
gara aty beýleki atlardan ozup, pellehanadan birinji bolup geçdi. 1800 metr
aralyga dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilen üçünji çapyşyk hem
çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe boldy. Onda M. Allaberdiýewiň Uçurym atly
dor atyna taý tapylmady. Dördünji çapyşykda hem 1800 metr aralyga dört we
ulyýaşar atlar bäsleşip, onda Ý. Esenowyň Garador atly dor bedewi öňdeligi hiç
kime bermedi.
Jemleýji bäşinji çapyşykda dört we ulyýaşar atlar ýene-de 1800 metr aralyga
güýç synanyşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen bu çapyşykda A. Mämmetnurowyň
Gözguwanjym atly al aty ýeňiji bolmagy başardy.
At çapyşyklarynda öňe
saýlanan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara dabaraly ýagdaýda
baýraklar gowşuryldy.