Habarlar
20.03.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişine welaýatymyzda ýokary guramaçylykly girişilip, welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen dabaraly maslahat jogapkärli möwsümiň özboluşly badalgasyna öwrüldi.

Maslahata etrap häkimlikleriniň, gowaça ekişine dahylly edara-kärhanalaryň, guramalaryň jogapkär ýolbaşçylary, oba hojalyk işgärleri, pudakda uzak ýyllaryň dowamynda göreldeli zähmet çekip, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan daýhanlar, mehanizatorlar we il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda ykdysadyýetiň obasenagat pudagynda hem düýpli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu özgertmeler pudaga öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamy hem-de döwrebap tehnologiýalardyr enjamlary dowamly ornaşdyrmaga netijeli itergi berýär. Munuň özi daýhanlaryň ýerden bol hasyl alyp, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň hem-de pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda kabul eden Kararynyň daýhanlarymyzyň ýere bolan höwesini has-da artdyryp, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagyny has-da ösdürmek, ýer eýeleriniň netijeli işläp, halal zähmetleriniň hözirini görmekleri babatda ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigi hem-de jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişine ak pata berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly maslahatda dowamly we joşgunly ýaňlandy.

Soňra gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli dabara «Batly gadam» hususy kärhanasynyň Gyzylarbat etrabynyň çägindäki ekin meýdanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Il sylagly ýaşulular türkmeniň asylly däbine eýerip, «Bismilla» bilen ekişe kemsiz taýýarlanan meýdana ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Bereketli topraga ekilen tohumlaryň müňlemegi, bol hasyl getirmegi baradaky ýagşy dilegler bu ýere ýygnanan adamlaryň dilleriniň senasyna öwrüldi. Baýramçylyk ruhunda başlanan gowaça ekişini ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary dowam etdirdiler.

Ýer eýeleri jogapkärli möwsüme ähli taraplaýyn taýýarlykly geldiler. Ýazky sürüm işlerinde «John Deere», «CLAAS», «Keýs» ýaly kuwwatly traktorlaryň 140-sy, bejergi traktorlarynyň 125-si netijeli işledildi. Ekiş möwsüminiň dowamynda bolsa ekiji tehnikalaryň 30-sy bökdençsiz işledilip, hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy iş üstünde bolarlar. Işleriň sazlaşykly guralmagy welaýat boýunça 13 müň gektar meýdanda geçiriljek gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda tamamlamaga mümkinçilik berer.

Asylly maksatlar öňde goýlup başlanan gowaça ekişine badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarada medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen babadaýhanlaryň armasyny ýetirdiler. Olar şirin aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň, folklor çykyşlarynyň üsti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly üstünliklerini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli taryhy tutumlaryny, daýhanlaryň halal zähmetini, bereketli topragymyzy, gözel tebigatymyzy wasp etdiler.

Oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de altyganat ak öýleriň owadan hatarlary, döwrebap bezelen telärler, giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara aýratyn röwüş berdi. Sergilerde amaly-haşam sungatynyň önümleri, el işleri, muzeý gymmatlyklary ýerleşdirildi. Sergide mynasyp orun eýelän oba hojalyk we pudagyň önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň ýokary hilli önümleri agrosenagat pudagynyň okgunly ösüşi bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Ekin meýdanynda geçirilen maslahatda möwsümde ulanylýan döwrebap tehnikalardyr enjamlardan peýdalanmagyň ýollary, ekiş geçirilen meýdanlara ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň oňat gögeriş we geljekde bitginli hasyl almakdaky möhüm ähmiýeti, dökünleri we derman serişdelerini netijeli ulanmagyň usullary barada durlup geçildi, sowal-jogap alşyldy.

11.03.2024

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Halkara zenanlar gününde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneleri sarpalamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam tapýar. Zenanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekmek bilen, Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekdäki taryhy tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşýarlar.

Dabarada mährem zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpa, olar barada edilýän aladalar üçin ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabaranyň barşynda «Ene mähri» diýen ada eýe bolan enelere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu dabaraly günde jaý toýlaryny tutmak bagtyna eýe bolan köp çagaly maşgalalar özleriniň bagtyýar durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatymyzyň tanymal sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda eneleriň mähremligi, gelin-gyzlaryň gözelligi, bahar paslynyň owadanlygy wasp edildi. 

11.03.2024

Balkanabat şäherinde Halkara zenanlar gününde iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanyşa tabşyryldy. Täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Dabarada gutlag çykyşlaryna giň gerim berildi. Ýurdumyzyň raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi çykyşlarda nygtaldy. 

Dabarada täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetiren Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Daň ýagtysy» hususy kärhanasynyň öňdebaryjy gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Soňra ýaşulular toý bagyny kesip, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga ak pata berdiler. Dört gatdan ybarat ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 40 hojalyga,  ýagny jemi 80 hojalyga niýetlenip, binalaryň iki hem-de üç otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylyş dabarasy hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

06.03.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere bagyşlanyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünlikleri sözüň doly manysynda nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda soňky on bäş ýylyň dowamynda dürli ugurlar babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada anyk ykdysady görkezijilere salgylanmagy şeýle buýsançly hakykatyň dabaralanmasy boldy. Şol anyk durmuş-ykdysady görkezijiler ata Watanymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen nurana geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle-de çykyş edenler «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde kesgitlenilen anyk wezipeleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sebitleriň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar.  

Maslahatda halkyň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary päk ýürekden çykýan şeýle alkyş sözleriniň mazmun baýlygynyň üstüni ýetirdi.

06.03.2024

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar guramasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara «Pyragy wasp edýär gelin-gyzlary, eneler — ojagyň bahar-ýazlary» diýlip atlandyryldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar, gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler bahar paslynyň ilkinji günlerinde  bellenip geçilýän  Halkara zenanlar  güni  bilen bu ýere ýygnanan eneleri,  gelin-gyzlary  tüýs ýürekden gutladylar. Zenanlaryň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şertleri döredip berýän, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy barada bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

         Çärede sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, çagalar döredijilik toparlarynyň  joşgunly tanslary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren kompozisiýa eserleri köpöwüşginli boldy. Welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden  gelen  medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny hasam artdyrdy.  Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary, «Bagtyýarlyk» tans toparynyň tanslary el çarpyşmalar bilen garşylandy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň aýdymçylarynyň halk aýdymlary, «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa toparynyň  «Küştdepdi» tansy has-da göwün göteriji boldy.