Täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
Balkanabat şäherinde Halkara zenanlar gününde iki sany
döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanyşa tabşyryldy. Täze taryhy eýýamyň ýokary
talaplaryna laýyklykda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýokary
ruhubelentlige beslendi.
Dabarada gutlag çykyşlaryna giň gerim berildi. Ýurdumyzyň
raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň aýratyn ileri
tutulýan ugurlarynyň biridigi çykyşlarda nygtaldy.
Dabarada täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini ýerine
ýetiren Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Daň ýagtysy» hususy kärhanasynyň öňdebaryjy gurluşykçylaryna hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň
ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylara
ruhy lezzet paýlady.
Soňra ýaşulular toý bagyny kesip, döwrebap ýaşaýyş
jaýlaryny ulanmaga ak pata berdiler. Dört gatdan ybarat ýaşaýyş jaýlarynyň her
biri 40 hojalyga, ýagny jemi 80 hojalyga
niýetlenip, binalaryň iki hem-de üç otagly öýlerinde döredilen amatlyklar,
otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde çuňňur
kanagatlanma döretdi. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylyş dabarasy
hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.