Welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynyň gowaça ekişine welaýatymyzda ýokary guramaçylykly girişilip, welaýat
häkimliginiň guramagynda geçirilen dabaraly maslahat jogapkärli möwsümiň
özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Maslahata etrap häkimlikleriniň, gowaça
ekişine dahylly edara-kärhanalaryň, guramalaryň jogapkär ýolbaşçylary, oba
hojalyk işgärleri, pudakda uzak ýyllaryň dowamynda göreldeli zähmet çekip,
döwlet sylaglaryna mynasyp bolan daýhanlar, mehanizatorlar we il sylagly
ýaşulular gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda ykdysadyýetiň obasenagat
pudagynda hem düýpli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan
bu özgertmeler pudaga öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamy hem-de döwrebap
tehnologiýalardyr enjamlary dowamly ornaşdyrmaga netijeli itergi berýär. Munuň
özi daýhanlaryň ýerden bol hasyl alyp, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary
hilli oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň
şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň hem-de pagtanyň döwlet satyn alyş
bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda kabul eden Kararynyň daýhanlarymyzyň ýere
bolan höwesini has-da artdyryp, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny
aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagyny
has-da ösdürmek, ýer eýeleriniň netijeli işläp, halal zähmetleriniň hözirini
görmekleri babatda ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigi hem-de jogapkärli
möwsüm bolan gowaça ekişine ak pata berendigi üçin Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly maslahatda dowamly we
joşgunly ýaňlandy.
Soňra gowaça
ekişine başlanmagy mynasybetli dabara «Batly gadam» hususy kärhanasynyň
Gyzylarbat etrabynyň çägindäki ekin meýdanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Il
sylagly ýaşulular türkmeniň asylly däbine eýerip, «Bismilla» bilen ekişe kemsiz
taýýarlanan meýdana ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Bereketli topraga
ekilen tohumlaryň müňlemegi, bol hasyl getirmegi baradaky ýagşy dilegler bu ýere
ýygnanan adamlaryň dilleriniň senasyna öwrüldi. Baýramçylyk ruhunda başlanan
gowaça ekişini ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary dowam etdirdiler.
Ýer eýeleri
jogapkärli möwsüme ähli taraplaýyn taýýarlykly geldiler. Ýazky sürüm işlerinde
«John Deere», «CLAAS», «Keýs» ýaly kuwwatly traktorlaryň 140-sy, bejergi
traktorlarynyň 125-si netijeli işledildi. Ekiş möwsüminiň dowamynda bolsa ekiji
tehnikalaryň 30-sy bökdençsiz işledilip, hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy iş
üstünde bolarlar. Işleriň sazlaşykly guralmagy welaýat boýunça 13 müň gektar
meýdanda geçiriljek gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, öz
wagtynda tamamlamaga mümkinçilik berer.
Asylly maksatlar
öňde goýlup başlanan gowaça ekişine badalga berilmegi mynasybetli geçirilen
dabarada medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen babadaýhanlaryň
armasyny ýetirdiler. Olar şirin aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň, folklor
çykyşlarynyň üsti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly
üstünliklerini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli taryhy
tutumlaryny, daýhanlaryň halal zähmetini, bereketli topragymyzy, gözel
tebigatymyzy wasp etdiler.
Oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de
altyganat ak öýleriň owadan hatarlary, döwrebap bezelen telärler, giňden
ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara aýratyn röwüş berdi. Sergilerde amaly-haşam
sungatynyň önümleri, el işleri, muzeý gymmatlyklary ýerleşdirildi. Sergide
mynasyp orun eýelän oba hojalyk we pudagyň önümlerini gaýtadan işleýän
senagatyň ýokary hilli önümleri agrosenagat pudagynyň okgunly ösüşi bilen içgin
tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Ekin meýdanynda geçirilen maslahatda
möwsümde ulanylýan döwrebap tehnikalardyr enjamlardan peýdalanmagyň ýollary,
ekiş geçirilen meýdanlara ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň gyşarnyksyz
berjaý edilmeginiň oňat gögeriş we geljekde bitginli hasyl almakdaky möhüm
ähmiýeti, dökünleri we derman serişdelerini netijeli ulanmagyň usullary barada
durlup geçildi, sowal-jogap alşyldy.