Täze eýýamyň taryhy tutumlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere
bagyşlanyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde
döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat
geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher
häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň
gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly,
Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan
üstünlikleri sözüň doly manysynda nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde
eden taryhy çykyşynda soňky on bäş ýylyň dowamynda dürli ugurlar babatda
ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada anyk ykdysady görkezijilere
salgylanmagy şeýle buýsançly hakykatyň dabaralanmasy boldy. Şol anyk
durmuş-ykdysady görkezijiler ata Watanymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen nurana
geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle-de çykyş edenler
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde kesgitlenilen anyk wezipeleriň halkyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sebitleriň mundan
beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar.
Maslahatda halkyň röwşen geljegi üçin taýsyz
tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy. Sungat
ussatlarynyň joşgunly çykyşlary päk ýürekden çykýan şeýle alkyş sözleriniň
mazmun baýlygynyň üstüni ýetirdi.