Nurana baýramyň şanyna
Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat
häkimliginiň, welaýat zenanlar guramasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde
guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara
«Pyragy wasp edýär gelin-gyzlary, eneler — ojagyň bahar-ýazlary» diýlip
atlandyryldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar,
gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler bahar paslynyň ilkinji
günlerinde bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni
bilen bu ýere ýygnanan eneleri,
gelin-gyzlary tüýs ýürekden
gutladylar. Zenanlaryň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şertleri
döredip berýän, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy barada bimöçber
aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözlerini aýtdylar.
Çärede
sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Zehinli çagalaryň ýerine
ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, çagalar döredijilik
toparlarynyň joşgunly tanslary bu ýere
ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine
ýetiren kompozisiýa eserleri köpöwüşginli boldy. Welaýatymyzyň
etrap-şäherlerinden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans
toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny hasam artdyrdy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp
ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary, «Bagtyýarlyk» tans toparynyň
tanslary el çarpyşmalar bilen garşylandy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň
aýdymçylarynyň halk aýdymlary, «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa
toparynyň «Küştdepdi» tansy has-da göwün
göteriji boldy.