Habarlar

Buýsanja beslenen dabara

11.03.2024

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Halkara zenanlar gününde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneleri sarpalamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam tapýar. Zenanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekmek bilen, Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekdäki taryhy tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşýarlar.

Dabarada mährem zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpa, olar barada edilýän aladalar üçin ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabaranyň barşynda «Ene mähri» diýen ada eýe bolan enelere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu dabaraly günde jaý toýlaryny tutmak bagtyna eýe bolan köp çagaly maşgalalar özleriniň bagtyýar durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatymyzyň tanymal sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda eneleriň mähremligi, gelin-gyzlaryň gözelligi, bahar paslynyň owadanlygy wasp edildi.