Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow welaýat merkezi Balkanabat
şäherinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde ilçi welaýat kitaphanasynda guralan
türkmen-amerikan kitap festiwalyna gatnaşdy, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine aýlanyp gördi. Şeýle hem welaýat merkezindäki dürli maksatly binalara
baryp, olar bilen ýakyndan tanyşdy.
Welaýat kitaphanasynda guralan türkmen-amerikan kitap festiwaly
saparyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu ýerdäki kitap sergileri, kitaphananyň
bölümlerine edilen gezelençler myhmanda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Ilçiniň welaýat merkezindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň telekeçiler mekdebiniň
welaýat bölümi bilen tanyşlygy hem giň many-mazmuna eýe boldy.
M.Klimow welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guran
gezelenjinde muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar bilen tanyşdy. Şeýle hem
ilçi saparynyň dowamynda welaýat merkezindäki bilim we terbiýeçilik
edaralaryna baryp gördi hem-de ol ýerlerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan
tanyşdy. Welaýat baş metjidiniň binagärlik gurluşy myhmanda uly gyzyklanma
döretdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň
Balkanabat şäher häkimi bilen geçiren duşuşygy işjeň häsiýete eýe boldy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi
Mettýu Stiwen Klimowyň Balkanabat şäherine guran sapary ýakymly täsirlere
baý boldy.
Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda Gahryman
Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby esasynda režissýor
Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran «Mukaddesdir bu Watan» atly
spektaklynyň ilkinji görkezilişiniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek
boldy. Gymmatly eseri esasynda goýlan bu sahna oýnunda Watany söýmekligiň,
onuň her bir daban topragy üçin janyny goýan şahsyýetleriň nusgalyk ýollary,
sabyr-kanagatlylyk, ýokary adamkärçilik açylyp görkezilýär. Onda Bekel begiň
(keşbi ýerine ýetiren Ýakup Öwezow), Ymran begiň (keşbi ýerine ýetiren Parahat
Elýasow), Baýandyr hanyň (keşbi ýerine ýetiren Hydyr Hydyrow), Salyr Gazanyň
(keşbi ýerine ýetiren Arslan Mämmetgulyýew), Gorkut atanyň (keşbi ýerine
ýetiren Arslan Hojagurbanow), Nurhatynyň (keşbi ýerine ýetiren Ogulbeg
Annagylyjowa), Seçek gyzyň (keşbi ýerine ýetiren Gülsoltan Arazgeldiýewa)
Watana, il-güne bolan söýgüsi, gahrymançylykdan doly durmuş ýoly diýseň
gyzykly beýan edilýär.
Halkymyzyň watanperwerlik, dost-doganlyk, agzybirlik, jebislik ýaly asylly
ýol-ýörelgeleri täze sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Oňa tomaşa
edeniňde oýnuň režissýorynyň, dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini
janlandyran artistleriň, egin-eşikleri taýýarlanlaryň, sahna, yşyk hem saz
bezeglerini ýerine ýetirenleriň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigine göz
ýetirýärsiň. Keşpleriň ynandyryjy bolmagy, tomaşaçylaryň ýadynda galmagy üçin
köp zähmet siňdirilendigini, sahna bezeginiň beýan edilýän wakalar bilen
özboluşly sazlaşygy döredendigini hem aýratyn bellemek gerek.
Welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat
şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde «Mirasa sarpamyz has beýgelder
bizi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly bäsleşik geçirildi. Oňa
welaýatymyzyň etrap-şäher medeniýet merkezleriniň döredijilik toparlary
gatnaşdylar.
Gyzykly geçen bäsleşikde onuň birinji şerti, ýagny tanslary we folklor
çykyşlaryny ýerine ýetirmek boýunça Magtymguly etrabynyň «Elwan» tans topary
baş baýragy, Gyzylarbat etrabynyň «Şelpeler» tans topary birinji, Türkmenbaşy
etrabynyň «Kenar» tans topary ikinji, Bereket etrabynyň «Güljan» tans topary
üçünji orunlary eýelediler. Ümeçilik däplerini açyp görkezýän ikinji şert boýunça
Gyzylarbat etrabynyň «Köpetdag» halk folklor topary baş baýraga, Türkmenbaşy
etrabynyň «Kenar» tans topary birinji, Magtymguly etrabynyň «Sumbar» halk
folklor topary ikinji, Esenguly etrabynyň «Küştdepdi» folklor topary üçünji
orunlara mynasyp boldular.
Jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, mährem
eneleriň, il sylagly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň
Balkanabat şäher bölüminiň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde
guramaklarynda «Arkadagyň ýörelgesi — nusgalyk görelde» atly maslahat
geçirildi.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegine bagyşlanyp geçirilen bu
maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň
jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri
hökmünde kanuny taýdan ykrar edilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu
taryhy çözgütleriň ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç
döredendigi barada bellenilip, Diýarymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň
bagtyýar durmuşy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden alkyş aýdyldy.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 28-nji ýanwarynda
paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
geňeşi tarapyndan guramanyň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň, mekdep
okuwçylarynyň, Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda hoşallyk maslahaty geçirildi.
Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
gujurgaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň Watan öňündäki
mukaddes borjudyr. Eziz Watanymyza hyzmat etmekden belent borjuň ýokdugyny
hemişe ündeýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi ählimiz üçin
ajaýyp nusgadyr, durmuş uniwersitetidir diýip belläp geçdiler.
Hoşallyk maslahatynyň dowamynda şeýle ajaýyp döwletli-döwrany peşgeş
beren Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş
sözleri aýdyldy.