Ilçiniň welaýat merkezine sapary

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow welaýat merkezi Balkanabat
şäherinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde ilçi welaýat kitaphanasynda guralan
türkmen-amerikan kitap festiwalyna gatnaşdy, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine aýlanyp gördi. Şeýle hem welaýat merkezindäki dürli maksatly binalara
baryp, olar bilen ýakyndan tanyşdy.
Welaýat kitaphanasynda guralan türkmen-amerikan kitap festiwaly
saparyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu ýerdäki kitap sergileri, kitaphananyň
bölümlerine edilen gezelençler myhmanda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Ilçiniň welaýat merkezindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň telekeçiler mekdebiniň
welaýat bölümi bilen tanyşlygy hem giň many-mazmuna eýe boldy.
M.Klimow welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guran
gezelenjinde muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar bilen tanyşdy. Şeýle hem
ilçi saparynyň dowamynda welaýat merkezindäki bilim we terbiýeçilik
edaralaryna baryp gördi hem-de ol ýerlerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan
tanyşdy. Welaýat baş metjidiniň binagärlik gurluşy myhmanda uly gyzyklanma
döretdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň
Balkanabat şäher häkimi bilen geçiren duşuşygy işjeň häsiýete eýe boldy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi
Mettýu Stiwen Klimowyň Balkanabat şäherine guran sapary ýakymly täsirlere
baý boldy.