Habarlar

Watan mukaddesliginiň waspy

03.02.2023

Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda Gahryman

Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby esasynda režissýor

Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran «Mukaddesdir bu Watan» atly

spektaklynyň ilkinji görkezilişiniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek

boldy. Gymmatly eseri esasynda goýlan bu sahna oýnunda Watany söýmekligiň,

onuň her bir daban topragy üçin janyny goýan şahsyýetleriň nusgalyk ýollary,

sabyr-kanagatlylyk, ýokary adamkärçilik açylyp görkezilýär. Onda Bekel begiň

(keşbi ýerine ýetiren Ýakup Öwezow), Ymran begiň (keşbi ýerine ýetiren Parahat

Elýasow), Baýandyr hanyň (keşbi ýerine ýetiren Hydyr Hydyrow), Salyr Gazanyň

(keşbi ýerine ýetiren Arslan Mämmetgulyýew), Gorkut atanyň (keşbi ýerine

ýetiren Arslan Hojagurbanow), Nurhatynyň (keşbi ýerine ýetiren Ogulbeg

Annagylyjowa), Seçek gyzyň (keşbi ýerine ýetiren Gülsoltan Arazgeldiýewa)

Watana, il-güne bolan söýgüsi, gahrymançylykdan doly durmuş ýoly diýseň

gyzykly beýan edilýär.

Halkymyzyň watanperwerlik, dost-doganlyk, agzybirlik, jebislik ýaly asylly

ýol-ýörelgeleri täze sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Oňa tomaşa

edeniňde oýnuň režissýorynyň, dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini

janlandyran artistleriň, egin-eşikleri taýýarlanlaryň, sahna, yşyk hem saz

bezeglerini ýerine ýetirenleriň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigine göz

ýetirýärsiň. Keşpleriň ynandyryjy bolmagy, tomaşaçylaryň ýadynda galmagy üçin

köp zähmet siňdirilendigini, sahna bezeginiň beýan edilýän wakalar bilen

özboluşly sazlaşygy döredendigini hem aýratyn bellemek gerek.