Saz sungatyna höwesli has zehinli
ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny
kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi we welaýat
ýörite sungat mekdebi bilelikde 2023-nji ýylda okuwyny tamamlaýan uçurym
okuwçylaryň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zehinleri» atly
bäsleşik geçirdiler.
Bäsleşikde welaýat ýörite sungat
mekdebiniň we etraplaryň, şäherleriň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary
bagşy, türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp
çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary hünärleri boýunça
başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşik ýaşlaryň has zehinlilerini
saýlady. Onda ýeňiji bolanlara welaýat medeniýet müdirliginiň we welaýat ýörite
sungat mekdebiniň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik
sowgatlary gowşuryldy.
Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar, okaýar, döredýär ajaýyp işler» ady bilen «Açyk gapylar» güni
geçirildi. Bu dabaraly çärä Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerden, çagalar
baglaryndan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Toplumyň binasynyň öňündäki açyk meýdançada ak öýler gurlup, baýramçylyk
keşbine beslendi. Myhmanlar duz-çörek bilen garşy alnyp, milli tagamlar hödürlenildi. «Açyk gapylar»
gününiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar toplumyň mugallymlarynyň,
okuwçylarynyň el işleriniň sergisine uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabara
gatnaşan myhmanlar toplumyň mekdep ýaşly hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar
bölümlerinde geçirilen açyk sapaklara gatnaşdylar. Toplumda bilim-terbiýe alýan
okuwçylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bimöçber hoşallyklaryny goşgularyň,
aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Terbiýeçileriň, okuwçylaryň uly joşgun bilen
ýerine ýetiren döwrebap küştdepdisi, şirin aýdymlary, gysgajyk sahna oýunlary çärä
gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olar bu ýerde çagalaryň ýaşaýyş-durmuş
şertleri, olaryň saglyklaryny dikeltmekde lukmanlar toparynyň alyp barýan
işleri, çagalaryň dynç almagy, okamagy üçin döredilen giň mümkinçilikler bilen
tanyş boldular.
Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň welaýatymyzda hem uly
dabaralar bilen bellenilip geçildi. Halkara baýram mynasybetli
Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli
ýörişleri baýramçylygyň esasy wakalary hökmünde görkezmek bolar. Welaýat
derejesindäki dabaraly çäreler bolsa welaýat merkezinde geçirilip, «Türkmeniň
ak öýi» binasynyň ýanynda ir säherde badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan ýörelgäniň ajaýyp zamanamyzda Arkadagly
Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini we oňa bagtyýar
raýatlarymyzyň yhlas bilen eýerýändiklerini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
«Türkmeniň
ak öýi» binasynyň ýanyndan «Ilkinjiler» ýadygärligine çenli dowam eden
welosipedli ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar,
türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda welosiped sportunyň
ösmegine hemişe uly üns berilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy gündelik durmuş
endiklerine öwren raýatlarymyzyň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna
öwrülen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda welaýatymyzyň medeniýet
we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlarynyň guralmagy çäräniň şatlyk-şowhunyny
has-da artdyrdy.
Halkara
baýram mynasybetli Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňündäki
meýdançada geçirilen aýdym-sazly dabara sporty ösdürmegiň, köpçülikleýin
bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmagyň döwlet syýasatynda
esasy ugurlaryň birini eýeleýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Bu ýerde bahar
paslynyň hoştap howaly ajaýyp gününde joşgunly tanslar bilen sazlaşyklylykda ýerine
ýetirilen aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň,
sagdyn durmuşyň, sportuň waspy belentden-belent ýaňlandy. Türgenleriň
ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary bolsa sportuň dürli görnüşleri boýunça
kämilleşýän ýaşlaryň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli welaýat
häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda Arkadagly Serdarymyzyň geçirýän
giň gerimli özgertmeleriniň oňyn netijeleri baradaky çykyşlar uly orun eýeledi.
Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şol özgertmeleri
ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleriň berk binýady
bolup durýar. Ýeriň hakyky eýesini tapmak, ýer, suw serişdelerini rejeli
peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň
ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjünçiligini
has-da gowulandyryp, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak şeýle özgertmelerde esasy
orunda goýulýar. Agrosenagat toplumyna sanly elektron ulgamyny hem-de bazar
gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmak, pudakda hususyýetçileriň eýeleýän ornuny
yzygiderli artdyrmak hem hemişe üns merkezinde saklanýar.
Maslahatda şular dogrusynda gürrüň edilip, ekiş işlerini
öz wagtynda ýokary hilli geçirmek barada durlup geçildi. Ýer eýeleriniň
öndürijilikli işlemekleri, halal zähmetiň hözirini görmekleri barada edýän
aladalary, gowaça ekişine girişmäge beren ak patasy üçin Arkadagly Serdarymyzyň
adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Maslahatyň dowamy Gyzylarbat etrabynyň çägindäki «Batly
mülkdar» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda gowaça ekişine badalga
bermek dabarasyna utgaşdy. Döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň, suwaryş
enjamlarynyň, türkmeniň alty ganat ak öýleriniň owadan hatarlary, taryhy
gymmatlyklaryň, amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň sergileri, hatara düzülen
toý gazanlary dabaranyň geçýän ýerini baýramçylyk ruhuna besledi. Hormatly
Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, il sylagly ýaşulularyň ýagşy
arzuw-dilegleri bilen gowaçanyň ilkinji tohumlary bereketli topraga sepildi. Onuň
yzysüre ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryna erk edýän mehanizatorlar
gowaça ekişine köpçülikleýin girişdiler. Möwsümiň dowamynda kuwwatly
traktorlara tirkeljek ekijileriň 35-si bökdençsiz işlediler. Ýeri gelende
aýtsak, balkanly daýhanlar 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, «ak altynyň» 16
müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýärler.
Sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamyň köpugurly
ösüşlerini, bagtyýar durmuşymyzy, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik
tutumlaryny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny, ene toprakdan bereket
öndürýän daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini taryplaýan şirin aýdym-sazlary,
ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli tanslary, halk döredijiliginden taýýarlan
çykyşlary dowamly ýaňlanýan el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp
meýdançada tutulan dabara ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet, saglygy goraýyş
we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk
ýörişi bilen başlandy. Oňa gatnaşyjylar dabaranyň geçýän ýerinde aýdym-sazyň şowhuny
bilen mähirli garşylandy. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň,
welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň welaýat
bölüminiň bilelikde guran dabarasynda
baýramçylyk gutlaglary buýsançly ýaňlandy. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli,
dünýä ähmiýetli beýik işlerinde baky rowaçlyklar arzuw etdiler.
Baýramçylyk çäresinde
welaýatymyzyň medeniýet we sungat
ussatlarynyň edebi-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Olarda türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň waspy belentden ýetirildi. Sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez söýgi-buýsanç aýdyň beýanyny tapdy. Giňden ýazylan baýramçylyk saçagyny dürli
tagamlar, naz-nygmatlar bezedi. Nowruz tagamlary baýramçylyga gatnaşýan adamlara hödür-kerem edildi. Amaly-haşam
sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we
ýaş suratkeşleriň ajaýyp döwrümiziň
buýsançly ösüşlerini aýdyň görkezýän
suratlarynyň sergilerine-de uly orun
berildi. Milli senetçilik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň
beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler
köpleriň nazarynda boldy. Bu ýerde zenanlaryň el hünärini
mahabatlandyrýan, milli medeni mirasymyzy şöhlelendirýän
ümeçilik dessury döwrebap derejede açylyp görkezildi. Biri-birine utgaşan
çykyşlarda şahandaz ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny gazallaryň, küştdepdileriň
üsti bilen joşgunly beýan etdiler. Sapaly
durmuşymyzyň, türkmen tebigatynyň, ajaýyp
döwrümiziň, daýhan zähmetiniň
tarypyny ýetirýän hoş owazly aýdymlar çar tarapa ýaň saldy.
Balkanabat şäherinde we
welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Milli bahar
baýramynyň iki günläp dowam eden toý çäreleri gadymy baýramçylygyň kämil däpleriniň ajaýyp zamanamyzda
dowamat-dowamdygyny görkezdi.