Habarlar
22.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýdyp, bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi şu günler berkarar Watanymyzyň her bir raýatyny gurşap alan toý şatlygynyň gözbaşyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu tabşyryklarynyň anyk çözgüdine eýe bolýandygyny welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň bazarlaryna, söwda nokatlaryna baranyňda-da doly göz ýetirýärsiň. Söwda nokatlarynda harytlar köp. Bu bolsa bazar bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini tassyklaýar. Munuň üçin Täze ýyl baýramçylygyny ýüreklerine jaý edip garşylaýan, ony mukaddes ojaklarynda agzybirlikde bellemek üçin ýakymly aladalara berlen bagtyýar raýatlaryň her biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

         Göwünleri toý şatlygyna, dilleri alkyşly sözlere beslenen bagtyýar adamlary aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň ýene biri alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli, ýokary hilli harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagydyr. Milli buýsanja öwrülen bu üstünlikde hususy işewürleriň, telekeçileriň uly goşandyny nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary, şol döwletli tutumlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde türkmen işewürleri belent sepgitlere ýetýärler. Häzirki wagtda olaryň hödürleýän hyzmatlary, durmuşa geçirýän işleri, öndürýän dürli önümleri dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen guwandyrýar.

Täze ýylyň bosagasynda gyzyşan baýramçylyk söwdasyny synlanyňda, hormatly Prezidentimize ýene bir ýola ýüregiň töründen çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarsyň. 

13.12.2023

Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, medeniýet  işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylaryň agzybirlik bilen gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.

         Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Dabarada baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählumumy bähbitlere gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

         Welaýatymyzyň sungat ussatlary belentden ýaňlanan aýdym-sazlarynda, görkezen sahnalarynda beýik gymmatlyk bolan hemişelik Bitaraplygymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy wasp etdiler. Şunuň ýaly çuň mazmunly medeni çykyşlaryň dowamynda asuda asmany parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderilerdir dürli reňkli şarlar bezedi.

 Halkymyzyň hemişelik Bitaraplygymyza bolan çäksiz buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň özboluşly beýanyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslendi. 

08.12.2023

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar. 

Welaýatymyzyň  medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň artustleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzyň ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnanalara ruhy lezset paýlady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ulsumyzyň röwşen geljegine gönükdirilen belent hem döwletli tutumlarynyň mundan beýlägem rowaçlanmagy baradaky ýagşy arzuwlar bolsa ýerine ýetirilen  döwrebap aýdym-sazlaryň esasy mazmunyny düzdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň birleşen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» diýen aýdymy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

08.12.2023

Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna  bagyşlanyp geçirilýän dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär.

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaraly  çäre hem şolaryň biri boldy. Aýdym-sazly dabara önümçiligiň öňdebaryjylary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ata Watanymyzy rowana ak ýollardan  okgunly öňe alyp barýan, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň berkarar ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar durmuşymyzy wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şatlyk- şowhunyny artdyrdy.

05.12.2023

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly waka mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilýändigi her birimizi buýsandyrýar. Özüniň çuňňur garaýyşlaryny çeper söz arkaly ussatlyk bilen beýan edip, ynsanlaryň ýüreklerinde baky orun almagy başaran söz ussadynyň eserlerini bu gün tutuş dünýä halklary öwrenýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary göwher gaşy ýaly öz öwüşginini ýitirmeýär. Olar bakylyga öwrülen ruhy baýlykdyr, hazynadyr.

Maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Asyrlar aýlansa-da, öz gymmatyny ýitirmeýän eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan Magtymguly atamyzyň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine bagyşlap ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Ýaňlanan aýdym-sazlarda döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, her bir setiri nakyla öwrülen Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi.