Meşhur kompozitora bagyşlanan festiwal

Welaýat döwlet drama teatrynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan
gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama
siňen ömür» atly festiwal geçirildi. Welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de çagalar sungat mekdepleri
tarapyndan geçirilen festiwalda görnükli kompozitoryň simfoniki döredijiliginden
«Tüýdük», wokal döredijiliginden «Soňudagy», «Geler», «Uçuň, durnalar»,
«Türkmen sährasy», «Aýgytly ädim» kinofilminden «Hüwdi», «Kerwen», «Şükür bagşy» kinofilminden «Şüküriň at çapyşy»,
«Mukamyň syry» kinofilminden «Gyzlaryň tansly hory» we fortepiano
döredijiliginden «Dutaryň owazy» diýen aýdym-sazlary, şeýle-de «Pursatlar» toplumyndan
birnäçe sazlary ýaňlandy.
Esasanam,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr toparynyň kompozitoryň «Türkmenistan»
simfoniki suratlarynyň «Tüýdük» diýlip atlandyrylan ikinji bölümini ýerine
ýetirmegi aýratyn ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Ondaky tüýdügiň mylaýym
owazyny diňläninde, çopanlaryň durmuşy, ullakan süri, owlak-guzularyň bökjekläp
oýun edişleri, ürgün çägeli depeler bilen bezelen sähra, hatda şol depeleriň
üstünden köwsarlap öwsüp duran şemalam diňleýjiniň hyýalynda janlanýar.
Festiwalda çagalar, talyplar, mugallymlar yzly-yzyna çykyş edip,
tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar, bu ýurdymyzda halypa-şägirtlik ýolunyň hem
mynasyp dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi. Olar halypalary ýatlap,
şeýle festiwallary geçirmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.