Il saglygy — ýurt baýlygy

Balkanabat şäherindäki welaýat
köpugurly hassahanasynyň durkunyň doly döwrebaplaşdyrylyp hem-de täze binalar
bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy aýratyn ýatda
galyjy şanly wakalaryň biri boldy Açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary,
saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar
agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Köpugurly hassahananyň öňündäki
meýdança ajaýyp toý keşbine beslenip, joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara
gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Dabaranyň barşynda welaýat
köpugurly hassahanasynyň gurluşyk işlerini alyp baran «Şadyýan gurluşyk»
hojalyk jemgyýetiniň aýratyn tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeniýet we sungat
ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda, teatr
artistleriniň çykyşlarynda, bagtyýar çagalaryň aýdyp beren goşgularynda täze
taryhy eýýamyň beýik tutumlary, Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet
syýasaty, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler taryplandy.
Ýaşulularyň ak patasy bilen toý
bagy kesilip, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmana bezeg beren dabarada oňa
gatnaşyjylar köpugurly hassahanada işlemek we ynsan saglygyny goramak babatda
döredilen giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Hassahananyň baş binasy
bäş gatdan ybarat bolup, onda kabul ediş, anyklaýyş we maslahat beriş, şöhle
bilen anyklaýyş, hirurgiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, trawmatologiýa,
newrologiýa hem-de iç keselleri bölümleri bar. Hassahananyň bölümleriniň
Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Hytaý Halk
Respublikasyndan, Daniýadan hem-de Günorta Koreýadan getirilen öňdebaryjy
lukmançylyk enjamlary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi dabara
gatnaşyjylarda çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi.
Durky täzelenen köpugurly hassahanada alnyp baryljak
saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlanjakdygyna anyk göz ýetiren
dabara gatnaşyjylar halkymyzyň baş saglygy barada ägirt uly aladalar edýän
Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baky Bitaraplygymyzyň
şanly senesiniň öňüsyrasyndaky ajaýyp toý serpaýy üçin alkyş hem hoşallyk
sözlerini aýtdylar.