Habarlar

Bereket bolçulygynyň baýramy

16.11.2023

Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Hasyl toýunyň dabarasy uludan tutuldy. Säher bilen bu ýere ýygnanan ruhubelent adamlaryň şatlygyny, begenjini ýüzlerinden görmek, duýmak bolýardy. Toý-baýramlarymyzyň gelşigi ýaşululardyr eneler, milli lybasly gelin-gyzlar, şadyýan çagalar toý meýdançasynyň görküne görk goşýardy. Toý dabarasynda çykyş edenler babadaýhanlarymyzy Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň her bir güni täze röwüşlere beslenýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda irginsiz zähmet çekýän babadaýhanlarymyza uly sarpa goýulýar» diýip, çykyş edenler guwanç bilen nygtadylar. Döwletimiziň halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, daýhanlarymyza bol hasyl almakda ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bu ýerde öz ideg edýän ekin meýdanlaryndan ýokary hasyl almakda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy daýhanlara hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy aýratyn şatlyga beslendi.

Soňra aýdym-sazyň şirin owazy belentden ýaňlanyp, alyn derini topraga siňdirip, toprakdan zer önderýän babadaýhanlarymyzyň, ak bazarlarymyzyň bolçulygynyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy ýetirildi. Bu ýerde oba hojalyk önümleriniň, el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergisine syn edildi.