Habarlar
31.01.2024

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» diýen at bilen yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Bäsleşige gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan parçalary labyzly okadylar. Täze taryhy eýýamda amaly-haşam sungatyny, däp-dessurlarymyzy, halyçylyk sungatyny kämil derejede ösdürmekde, gadymy keşdeçilik sungatymyzyň ýitip barýan nusgalaryny dikeltmekde, olaryň gowudan-gowysyny ýüze çykarmakda, nesillere ýetirmekde hem-de olary giňden wagyz etmekde maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallara salgylanyp gürrüň berdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli özboluşly toý dabarasyny guradylar. Kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini beýan etdiler. Täze esere bagyşlanan aýdymlary, gazallary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Gyzykly hem şowhunly geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Hajygulyýewa birinji, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň folklor ýolbaşçysy Güljemal Penaýewa ikinji, Balkanabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsünjemal Annamämmedowa üçünji orunlara mynasyp boldular. 

26.01.2024

«Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasyny wagyz etmegi, şeýle-de zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy, olaryň ähli ulgamlarda eýeleýän orunlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmegi, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmegi hem goldamagy maksat edinen bäsleşikde oňa gatnaşanlar bäş ugur boýunça güýç synanyşdylar. Netijede, 47-nji çagalar bagynyň müdiri Nurbibi Hojagurbanowa «Ýylyň işewür zenany», welaýat inçekesel hassahanasynyň işgäri Baýrambibi Hekimowa «Ýylyň çeper elli zenany», 4-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Gurbangül Täşliýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 15-nji orta mekdebiň mugallymy Sülgün Baýlyýewa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Täzegül Abaýewa «Ýylyň watançy zenany» diýen atlara mynasyp boldular.

Ýeňijiler onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

24.01.2024

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň Gyzylarbat hem-de Bereket etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Baýramçylyk ruhuna beslenen açylyş dabaralarynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary binalaryň ulanylmaga berilmegi, şeýle-de baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, bagtyýar durmuşyny has-da pugtalandyrmakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulaglaryň sazlaşykly hereketini gazanmakda taryhy tutumlary üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

         Açylyş dabaralarynda joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlarda, küştdepdilerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýän beýik işler, bagtyýar durmuşymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly wasp edildi. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda binalaryň gurluşyklaryny alyp baran Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşiginiň göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

         Soňra ýaşulular toý baglaryny kesip, binalaryň işine ak pata berdiler. Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň döwrebap mümkinçilikleri dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Binalaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň täze gazananlaryna daýanýan kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde awtoulaglara edilýän tehniki gözegçilik işleriniň ýokary hil derejesini gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilkinji nobatda, bu enjamlaryň kömegi arkaly awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy gözden geçirilýär. Ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdary, tizlik ölçeýjisiniň işleýşi anyklanýar. Kompýuterler arkaly dolandyrylýan enjamlar ýeňil we ýük awtoulaglarynyň duruzyş hem-de yşyklandyryş ulgamlarynyň bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini ýokary hilli barlamaga şert döredýär.

Mahlasy, bu döwrebap binalaryň ulanyşa tabşyrylmagy sebitiň ýaşaýjylarynyň dolandyrýan awtoulaglarynyň guratlygyna tehniki taýdan gözden geçiriş hyzmatlaryny talaba laýyk guramaga mümkinçilik berer. 

24.01.2024

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.

Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan zehinli türgenleriň gatnaşan birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda welaýatymyzyň türgenlerine taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta Wodopýanowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdylar.

         Dört günläp dowam eden birinjilikde 20 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşam gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa ýaşy 17-den uly bolmadyk türgenleriň gatnaşmaklaryna hem rugsat edildi. Şpaga boýunça geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabat şäherinden Şageldi Haýydow, gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Darýa Şewçenko birinji orunlara mynasyp boldular. Welaýatymyzdan Dawut Mämmetnurow bilen Çynar Goşungeldiýewa rapira boýunça geçirilen ýaryşda altyn medallara eýe çykdylar. Balkanly Dawid Kuwadow hem-de Mary welaýatyndan Ýelizaweta Wodopýanowa gylyç görnüşinde guralan ýaryşda birinji orunlary gazanmagyň hötdesinden geldiler.

         Türkmenistanyň birinjiliginde toparlaýyn birinji orna medallaryň iň köpüsini gazanan welaýatymyzyň türgenleri mynasyp boldular. Ikinji orun Mary welaýatynyň, üçünji orun Aşgabat şäheriniň toparlarynyň paýyna düşdi.

         Öňdäki orunlara mynasyp bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary we medallar, Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan gymmatbaha sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

17.01.2024

Welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyza sowgat beren «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen dabara welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň çapdan çykmagynyň merdana halkymyzda, aýratyn-da ýaşlarymyzda egsilmez hoşallyk duýgusyny döredendigini belläp geçmek bilen, ajaýyp kitabyň ýaşlar bilen baglanyşykly  bolmagynda çuňňur manynyň bardygyny aýratyn nygtadylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parlak geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär hem-de aýratyn bil baglaýar. Geçen ýylda bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, onuň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirendilerini belläp geçmek gerek. Kitap olaryň ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda alyp barýan işleriniň waspy ýetirilýär, berkarar ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlary esasynda ýaş nesil hakynda edilýän aladany özünde jemleýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esaslary açylyp görkezilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýölbaşçylygynda alnyp barylýan bu syýasat täze taryhy döwürde ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, sagdyn ösmegi, ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Watan mertebesi, mukaddesligi, ezizligi baradaky gymmatly pikirler ýaşlar üçin gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyza, mukaddes topragymyza bolan söýgi- buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden ýaşlar hem döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil barada edýän aladalaryna jogap edip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabarada Watanymyzyň daýanjy daýanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Welaýatyň medeniýet we sungatussatlarynyň yerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olarda berkarar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar ýaşlygyň waspy yetirildi.

Işjen ýagdaýda geçen dabarada hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.