Ýurdumyzyň birinjiligi Balkanabatda geçdi

Balkanabat
şäherindäki köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň guramagynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça
ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.
Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan zehinli türgenleriň gatnaşan
birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga
görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew,
gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen
ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda
welaýatymyzyň türgenlerine taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow,
gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar.
Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta
Wodopýanowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdylar.
Dört günläp dowam eden birinjilikde 20
ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşam gyzykly häsiýete eýe
bolup, oňa ýaşy 17-den uly bolmadyk türgenleriň gatnaşmaklaryna hem rugsat
edildi. Şpaga boýunça geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabat şäherinden
Şageldi Haýydow, gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Darýa Şewçenko birinji
orunlara mynasyp boldular. Welaýatymyzdan Dawut Mämmetnurow bilen Çynar
Goşungeldiýewa rapira boýunça geçirilen ýaryşda altyn medallara eýe çykdylar.
Balkanly Dawid Kuwadow hem-de Mary welaýatyndan Ýelizaweta Wodopýanowa gylyç
görnüşinde guralan ýaryşda birinji orunlary gazanmagyň hötdesinden geldiler.
Türkmenistanyň birinjiliginde
toparlaýyn birinji orna medallaryň iň köpüsini gazanan welaýatymyzyň türgenleri
mynasyp boldular. Ikinji orun Mary welaýatynyň, üçünji orun Aşgabat şäheriniň
toparlarynyň paýyna düşdi.
Öňdäki orunlara mynasyp bolan
türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
tarapyndan Hormat hatlary we medallar, Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti
tarapyndan gymmatbaha sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.