Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy
Hormatly
Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar
döwletiň mertebe tugy» diýen at bilen yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Bäsleşige
gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp
kitabyndan parçalary labyzly okadylar. Täze taryhy eýýamda amaly-haşam
sungatyny, däp-dessurlarymyzy, halyçylyk sungatyny kämil derejede ösdürmekde,
gadymy keşdeçilik sungatymyzyň ýitip barýan nusgalaryny dikeltmekde, olaryň gowudan-gowysyny
ýüze çykarmakda, nesillere ýetirmekde hem-de olary giňden wagyz etmekde
maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallara salgylanyp gürrüň berdiler.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy
mynasybetli özboluşly toý dabarasyny guradylar. Kitabyň özlerinde galdyran
täsirlerini beýan etdiler. Täze esere bagyşlanan aýdymlary, gazallary uly
joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Gyzykly hem şowhunly geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat
şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Hajygulyýewa birinji, Balkanabat
şäher medeniýet merkeziniň folklor ýolbaşçysy Güljemal Penaýewa ikinji, Balkanabat
şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsünjemal Annamämmedowa üçünji
orunlara mynasyp boldular.