Habarlar

«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň şäher tapgyry

26.01.2024

«Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasyny wagyz etmegi, şeýle-de zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy, olaryň ähli ulgamlarda eýeleýän orunlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmegi, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmegi hem goldamagy maksat edinen bäsleşikde oňa gatnaşanlar bäş ugur boýunça güýç synanyşdylar. Netijede, 47-nji çagalar bagynyň müdiri Nurbibi Hojagurbanowa «Ýylyň işewür zenany», welaýat inçekesel hassahanasynyň işgäri Baýrambibi Hekimowa «Ýylyň çeper elli zenany», 4-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Gurbangül Täşliýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 15-nji orta mekdebiň mugallymy Sülgün Baýlyýewa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Täzegül Abaýewa «Ýylyň watançy zenany» diýen atlara mynasyp boldular.

Ýeňijiler onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.