Ýurdumyzyň şan-şöhratyny artdyrýan baýram
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 3-nji iýunynda şatlyk-şowhunly
çärelere beslenýän Bütindünýä welosiped güni «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem welaýatymyzda ýokary
guramaçylyk derejesinde bellenip geçildi.
Ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň
mekanydygyny nobatdaky gezek görkezen halkara sene mynasybetli Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen
aýdym-sazly dabara il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda toýlarymyzyň
toýlara ulaşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Sungat ussatlarynyň ýerine
ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda mähriban Watanymyzyň, ösüşlere beslenýän
döwrümiziň, sagdyn durmuşyň, sportuň waspy, Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk
keşbine beslenen meýdançada ýaş türgenleriň ýerine ýetiren görkezme çykyşlary,
welaýatymyzyň ezber türgenleriniň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi
hem ýaýbaňlandyrylyp, dabaranyň many-mazmunyny artdyrdy.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan
badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş baýramçylygyň esasy çäresi
boldy. Edara-kärhanalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler ir säherde
geçirilen ýörişe ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Balkanabadyň döwrebap
şaýollarydyr köçeleri bilen birnäçe kilometre dowam eden ýörişiň geçýän ugrunda
ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen sport maşklary baýramçylygyň
many-mazmunyny baýlaşdyrdy.
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan
medeni-sport çäreleri, ýaryşlar welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde ýokary
derejede geçirildi.