Welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyna guramaçylykly girişdiler
Üstümizdäki ýylyň galla oragyna badalga bermek dabarasy
welaýat häkimliginde geçirilen maslahat bilen başlandy. Onda galla oragyny öz
möhletinde ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen bol hasyly gysga wagtda isripsiz
ýygnamak, tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek ýaly wajyp
meselelere seredildi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmen obasyny
ähli taraplaýyn ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza
ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Galla oragyna gatnaşjak mehanizatorlardyr kärendeçiler
bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Olar bu ýerde
daýhançylygyň gadymy usullary,
ekerançylygyň medeniýeti, şeýle-de şöhratly taryhymyzy şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary
bilen tanyş boldular.
Soňra galla oragynyň başlanmagy mynasybetli dabara
Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda dowam etdi. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, asylly däbe görä,
sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna badalga berildi.
50 müň gektardan 80 müň tonna bugdaý almagy öňlerinde belent maksat edip
goýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary tutanýerli zähmet çekip, şanly ýylda azyklyk guşgursak dänäniň bitginli hasylyny
ösdürip ýetişdirdiler. Galla oragynda «СLAAS» we «John Deer» kysymly
kombaýnlaryň 109-synyň öndürijilikli işledilmegi üçin düzüminde mehanikler,
sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy
döredildi. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, zerur ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün
edilen bu toparlar hemişe iş üstünde bolarlar. Kombaýnlaryň nowalaryndan
agdaryljak azyklyk däne hasylyny Gyzylarbat hem-de Bereket etraplaryndaky galla
kabul ediş kärhanalaryna öz wagtynda ýitgisiz daşamak üçin awtoulaglaryň 545-si
bökdençsiz işlediler. Galla kabul ediş nokatlarynyň hem-de Gyzylarbat
etrabyndaky her biri 50 müň we 30
müň tonna däne
saklamaga niýetlenilen
elewatorlaryň 2-siniň, dänäniň hilini kesgitlejek ýörite barlaghanalaryň,
ammarlaryň irgözinden taýýarlanyp goýulmagy möwsümiň ýokary guramaçylykly
ýagdaýda geçiriljekdigine şaýatlyk edýär. Galla oragynyň öň ýanynda «Balkanobahyzmat»
önümçilik birleşigine hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan täze galla orujy
kombaýnlaryň we ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň gelip gowuşmagy jogapkärli
möwsümiň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegine aýratyn täsirini ýetirer.
Dabaranyň geçýän ýerinde öňde duran möhüm wezipelere bagyşlanan iş
maslahaty hem işjeň ýagdaýda dowam etdirildi. Onda welaýatyň oba hojalyk
toplumynyň işgärleri, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, ýol gözegçilik
gullugynyň wekilleri çykyş edip, kombaýnlaryň iş düzgünleri, ýangyn howpsuzlyk
düzgünlerini berjaý etmegiň möhüm ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Tanymal bagşy-sazandalaryň, ussat aýdymçylaryň, çeper höwesjeňleriň ýerine
ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew
batly rowaç menzilleri, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleri, edermen
babadaýhanlarymyzyň zähmet üstünlikleri wasp edildi. Welaýatyň tans, halk
döredijilik toparlarynyň şowly çykyşlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet
paýlady. Ekerançylyga we maldarçylyga degişli milli däp-dessurlar, azyk
önümleriniň taýýarlanylyşy ussatlyk
bilen janlandyryldy. Dabarada oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän
senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň sergilerine uly orun berlipdir. Milli
senetkärlik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça
ýerleşdirilen işler hem özüneçekiji boldy.
Soňra bereketli hasylyň ilkinji tonnalary ýüklenen
awtoulag kerweni «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň
Sarp obasyndaky galla kabul ediş bölümine tarap ugradyldy. Ak bugdaýyň
bereketli hasylyndan ýüklenen bezemen awtoulaglar galla kabul ediş bölüminde dabaraly
ýagdaýda garşy alyndy. Bu ýerde belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň
dowamynda galla oragynyň ilkinji gününde aýratyn tapawutlanan ussat gallaçylara
hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.