
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi
tarapyndan Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň
ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çärä dürli kärlerde
döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýän gelin-gyzlar we mährem eneler
gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
zenanlar çäksiz hormat-sarpanyň eýeleri bolup, olara ygtybarly zähmet we durmuş
şertlerini döretmek, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Zenanlaryň hukuklaryny goramak üçin
hemmetaraplaýyn alada edilýär. Her ýyl ençeme enelere «Ene mähri» diýen
hormatly atlar dakylýar, «Zenan kalby» ordeni zenanlaryň döşüni bezeýär. Olar
ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Ine, şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen,
baýramçylyk gutlaglary biri-birine ulaşan çärede aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly
çykyşlara hem giň orun berildi. Aýdym-saz, tans, hor toparlarynyň şowhunly
çykyşlary we wäşileriň görkezen gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýatdan
çykmajak täsir galdyrdy.

Halkara zenanlar
gününe bagyşlanyp welaýat häkimliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki köpugurly
sport toplumynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly bäsleşik geçirildi.
Sagdyn maşgalalarda sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak, olaryň
arasynda sportuň, bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegini
has-da giň gerime eýe etmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň
etrap-şäherlerinden gelen maşgala toparlary hereketli oýunlaryň dürli
görnüşleri boýunça ýaryşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň netijesi boýunça Bereket etrabyndan
«Asuda» topary birinji, Gyzylarbat etrabyndan «Ynam» topary ikinji, Türkmenbaşy
şäherinden «Abadan» topary üçünji orunlary eýlediler we olara Türkmenistanyň
Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Welaýat döwlet drama teatrynda
ýaýbaňlandyrylan dabara dost-doganlygy pugtalandyrýan täsirli pursatlary bilen
tapawutlandy. ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň meýilnamasyna laýyklykda guralan
bu aýdym-sazly dabaraly çäre türkmen we gazak halklarynyň medeni mirasyny,
sungatyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek ýaly asylly maksada gönükdirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ruhubelentligine beslenen
dabaraly çärä balkanly medeniýet we sungat işgärleri, milli mirasy öwrenijiler,
amaly-haşam sungatynyň, sebitde ýaşaýan gazak halkynyň wekilleri, il sylagly
ýaşulular, kümüş saçly eneler uly höwes, ýokary ruhubelentlik bilen
gatnaşdylar.
Dabarada giň gerim berlen çykyşlarda nygtalyşy ýaly,
berkarar ýurdumyz dünýä döwletleri we halklary bilen hoşniýetli, dost-doganlyk
gatnaşyklaryny alyp barýar. Türkmen we gazak halklaryny bolsa asyrlaryň
jümmüşinden gözbaş alýan taryhy we medeni-ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar.
Şeýle gatnaşyklar hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan
wezipe-borçlara berk eýerýän ata Watanymyzyň goňşy döwlet bilen köpugurly
hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäklerinde has işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu günki
dabara bolsa iki halkyň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny, milli
öwüşginlere baý bolan medeni-ruhy hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde wajyp
ähmiýetlidir. Dabarada dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň sakasynda duran
Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri
aýdyldy.
Dostluk dabarasynyň geçýän ýerinde iki dostlukly halkyň
ruhy-medeni, taryhy mirasyna degişli muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we
amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, haly önümleriniň, el işleriniň sergileri
ýaýbaňlandyryldy. Sergi türkmen we gazak halklarynyň özboluşly medeni-taryhy
gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Teatryň ajaýyp
sahnasynda gazak halkynyň meşhur «Alpamyş» eposy esasynda goýlan oýundan
parçalaryň görkezilmegi aýratyn täsirli boldy. Tomaşaçylaryň dowamly el
çarpyşmalary bilen garşylanan sahna oýny goňşy halkyň gahrymançylykly taryhyna
içgin aralaşmaga, bu eposyň milli mirasymyzda tutýan ornuna anyk göz ýetirmäge
ýardam etdi.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň doganlyk halklaryň joşgunly aýdym-sazlaryndan guran çykyşlary dostluk dabarasynyň täsirli pursatlarynyň hataryny artdyrdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň döwlet drama teatrlarynyň arasynda yglan eden
«Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigi Balkanabat şäherindäki welaýat
döwlet drama teatrynda täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen badalga
aldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»
atly ajaýyp kitabyndaky rowaýatlar esasynda Baýramsoltan Gurbanowa bilen
Öwezmämmet Galandarowyň ýazan edebi esasynda «Enä tagzym, tagzym —
mukaddeslige» ady bilen sahnalaşdyrylan sahna oýnunda halkymyzyň enä bolan
garaýşy, hormat-sarpasy açylyp görkezilýär.
Öwezmämmet Galandarowyň režissýorlyk etmegindäki sahna
oýnunda maşgalanyň agzybirligini, abatlygyny goramagy özüniň mukaddes borjy
hasaplaýan enäniň asylly häsiýetleri, sabyr-kanagatlylygy beýan edilýär. Oýnuň
terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary bolup, pederlerimizden dowam edip gelýän
ýol-ýörelgeleri ýaşlaryň özlerine nusga edinmelidigi hem-de ene süýdüniň ynsan
durmuşyndaky ähmiýeti baradaky düşünjeler onuň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
«Enä tagzym, tagzym — mukaddeslige» atly sahna oýnunyň
tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanmagy ony döretmäge
gatnaşanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir. Oňa tomaşa
edeniňde, keşpleriň tomaşaçylaryň ýadynda galmagy üçin sahna ussatlarynyň köp
zähmet siňdirendiklerine, sahna bezeginiň beýan edilýän wakalar bilen özboluşly
sazlaşygy döredendigine göz ýetirýärsiň.
Biziň welaýatymyzdan badalga alan bu döredijilik
bäsleşiginiň jemi Halkara Zenanlar gününe gabatlanylyp jemlener.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň Halkara Zenanlar güni mynasybetli bilelikde yglan eden
«Medeni mirasyň paýhas çyragy, sallançak edebi — döwrüň owazy» atly bäsleşiginiň
welaýat tapgyry geçirildi.
Maşgalanyň dowamaty bolan perzentleri terbiýeläp
ýetişdirmekde, olaryň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmakda ene hüwdüsi we çaga
sallançagy derwaýysdyr. Ene hüwdüsiniň we sallançagyň nesil terbiýesindäki
ähmiýetini, körpejäniň rahat hem kadaly ösüşine edýän täsirini ýaş enelere
düşündirmek, olara degerli maslahatlary bermek, ene-mamalarymyzyň durmuş
tejribesini ýaş eneleriň mynasyp dowam etdirmegini gazanmagy wagyz etmek döwrüň
öňe çykarýan meselesidir.
Ine, şol maksatdan ugur alnyp geçirilen bäsleşige onuň
deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar, şertlere
laýyklykda, berlen wagtyň dowamynda sallançak bilen bagly
düşünjelerini çeper sözlerde beýan etdiler, sallançaga degişli rowaýatlary,
tymsallary gürrüň berdiler. Ýerine ýetiren hüwdüleriniň dowamynda maşgala
mukaddesligine çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Her bir öýde sallançagyň badynyň
ýatmazlygyny arzuw etdiler. Çaga sallançagynyň we çagany hüwdülemegiň olara
ýetirýän täsiri barada berlen sowallara dogry we anyk jogap bermekde
birek-birekden kem durmadylar.
Netijede, Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň
mugallymy Doýduk Ýazmämmedowa baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenbaşy etrabynyň
Irikli obasynyň ýaşaýjysy Ogulboldy Artykowa birinji, Etrek etrabynyň Etrek
şäheriniň ýaşaýjysy Süýşe Gulmämmedowa ikinji, şol etrabyň Akýaýla obasynyň
ýaşaýjysy Ogulbike Mämmetnurowa üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar
gowşuryldy.