Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak
öýi» binasynda geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan
zenanlar gatnaşdylar.
Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
diýlip atlandyrylmagy mynasybetli we zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp
görkezmegi, dürli ugurlar boýunça olaryň tekliplerini öwrenmegi hem-de
goldamagy, maşgala mukaddesligini, eneligi we çagalygy goramagy, ýaş nesli
milli ruhda terbiýelemegi, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmegi,
sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemegi wagyz etmek esasy maksady bolan bäsleşige
gatnaşan zenanlar ýedi ugur boýunça güýç synanyşdylar.
Gyzykly hem-de täsirli ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijesi
boýunça «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Balkanabat şäherindäki 47-nji çagalar
bagynyň müdiri Nurbibi Hojagurbanowa, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada
Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy Almagül Kižžikowa, «Ýylyň
mährem zenany» diýen ada Bereket etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi
Nurtäç Hangurbanowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Esenguly etrap
medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň medeni-köpçülik çäreleriniň režissýory
Jennetgül Garajaýewa, «Ýylyň Watançy zenany» diýen ada harby gullukçy Maýa
Muhyýewa, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bahar Arazmedowa, «Ýylyň öňdebaryjy oba
zenany» diýen ada Gyzylarbat erabynyň D. Azady geňeşliginiň hünärmeni Şemşat
Garryýewa mynasyp boldular.
Ýeiňijiler bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga
hukuk gazandylar.
«Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň
maksatly işleri rowaçlanýar» atly okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilen
maslahatda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň zenanlar
guramalarynda edilen işlere seljerme berildi. Maslahatyň dowamynda edilen
çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz
tagallalary bilen ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzda
telekeçiligi ösdürmekde zenanlaryň goşýan saldamly goşantlary barada giňişleýin
gürrüň edildi.
Şol günüň ikinji ýarymynda «Seýrana» myhmanhanasynda hem dabaraly maslahat
geçirilip, onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly
ilkinji kitabynyň durmuşymyzdaky, jemgyýetimizdäki ähmiýeti barada buýsançly
söhbetler biri-birine ulaşdy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň
uzak, ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi. Soňra şirin owazly
aýdym-sazlar ýaňlanyp, olarda Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň waspy belentden
ýetirildi.
Maslahata gatnaşyjylar «Hazar» myhmanhanasynda guralan el işleriniň
sergisine hem syn etdiler.
Hormatly
Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar
döwletiň mertebe tugy» diýen at bilen yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Bäsleşige
gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp
kitabyndan parçalary labyzly okadylar. Täze taryhy eýýamda amaly-haşam
sungatyny, däp-dessurlarymyzy, halyçylyk sungatyny kämil derejede ösdürmekde,
gadymy keşdeçilik sungatymyzyň ýitip barýan nusgalaryny dikeltmekde, olaryň gowudan-gowysyny
ýüze çykarmakda, nesillere ýetirmekde hem-de olary giňden wagyz etmekde
maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallara salgylanyp gürrüň berdiler.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy
mynasybetli özboluşly toý dabarasyny guradylar. Kitabyň özlerinde galdyran
täsirlerini beýan etdiler. Täze esere bagyşlanan aýdymlary, gazallary uly
joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Gyzykly hem şowhunly geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat
şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Hajygulyýewa birinji, Balkanabat
şäher medeniýet merkeziniň folklor ýolbaşçysy Güljemal Penaýewa ikinji, Balkanabat
şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsünjemal Annamämmedowa üçünji
orunlara mynasyp boldular.
«Türkmeniň ak
öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň
Balkanabat şäher tapgyry geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly diýlip atlandyrylmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasyny
wagyz etmegi, şeýle-de zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny
ýüze çykarmagy, olaryň ähli ulgamlarda eýeleýän orunlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmegi, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmegi hem goldamagy maksat
edinen bäsleşikde oňa gatnaşanlar bäş ugur boýunça güýç synanyşdylar. Netijede, 47-nji çagalar bagynyň müdiri Nurbibi
Hojagurbanowa «Ýylyň işewür zenany»,
welaýat inçekesel hassahanasynyň işgäri Baýrambibi Hekimowa «Ýylyň çeper elli
zenany», 4-nji çagalar bagynyň aýdym-saz
mugallymy Gurbangül Täşliýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 15-nji orta mekdebiň mugallymy Sülgün
Baýlyýewa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Täzegül Abaýewa «Ýylyň
watançy zenany» diýen atlara mynasyp boldular.
Ýeňijiler
onuň welaýat
tapgyryna gatnaşmaga
hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan
zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa
müdirliginiň Gyzylarbat hem-de Bereket etraplarynyň polisiýa bölümleriniň
polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny
anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berildi.
Baýramçylyk ruhuna beslenen açylyş dabaralarynda çykyş
edenler bu ýere ýygnananlary binalaryň ulanylmaga berilmegi, şeýle-de
baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan,
bagtyýar durmuşyny has-da pugtalandyrmakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün
etmekde, ulaglaryň sazlaşykly hereketini gazanmakda taryhy tutumlary üstünlikli
amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini
aýtdylar.
Açylyş
dabaralarynda joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly ýerine
ýetirilen şirin aýdym-sazlarda, küştdepdilerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
bezegine öwrülýän beýik işler, bagtyýar durmuşymyz, «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýyly wasp edildi. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda binalaryň
gurluşyklaryny alyp baran Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşiginiň
göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň
adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Soňra
ýaşulular toý baglaryny kesip, binalaryň işine ak pata berdiler. Awtoulaglaryň
tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň
döwrebap mümkinçilikleri dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Binalaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň täze
gazananlaryna daýanýan kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde
awtoulaglara edilýän tehniki gözegçilik işleriniň ýokary hil derejesini
gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilkinji nobatda, bu enjamlaryň kömegi arkaly
awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy gözden geçirilýär.
Ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, hereketlendirijisiniň bölüp
çykarýan gazynyň mukdary, tizlik ölçeýjisiniň işleýşi anyklanýar. Kompýuterler
arkaly dolandyrylýan enjamlar ýeňil we ýük awtoulaglarynyň duruzyş hem-de
yşyklandyryş ulgamlarynyň bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini ýokary hilli
barlamaga şert döredýär.
Mahlasy, bu döwrebap binalaryň ulanyşa tabşyrylmagy
sebitiň ýaşaýjylarynyň dolandyrýan awtoulaglarynyň guratlygyna tehniki taýdan
gözden geçiriş hyzmatlaryny talaba laýyk guramaga mümkinçilik berer.