Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere
bagyşlanyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde
döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat
geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher
häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň
gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly,
Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan
üstünlikleri sözüň doly manysynda nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde
eden taryhy çykyşynda soňky on bäş ýylyň dowamynda dürli ugurlar babatda
ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada anyk ykdysady görkezijilere
salgylanmagy şeýle buýsançly hakykatyň dabaralanmasy boldy. Şol anyk
durmuş-ykdysady görkezijiler ata Watanymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen nurana
geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle-de çykyş edenler
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde kesgitlenilen anyk wezipeleriň halkyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sebitleriň mundan
beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar.
Maslahatda halkyň röwşen geljegi üçin taýsyz
tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy. Sungat
ussatlarynyň joşgunly çykyşlary päk ýürekden çykýan şeýle alkyş sözleriniň
mazmun baýlygynyň üstüni ýetirdi.
Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat
häkimliginiň, welaýat zenanlar guramasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde
guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara
«Pyragy wasp edýär gelin-gyzlary, eneler — ojagyň bahar-ýazlary» diýlip
atlandyryldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar,
gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler bahar paslynyň ilkinji
günlerinde bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni
bilen bu ýere ýygnanan eneleri,
gelin-gyzlary tüýs ýürekden
gutladylar. Zenanlaryň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şertleri
döredip berýän, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy barada bimöçber
aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözlerini aýtdylar.
Çärede
sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Zehinli çagalaryň ýerine
ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, çagalar döredijilik
toparlarynyň joşgunly tanslary bu ýere
ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine
ýetiren kompozisiýa eserleri köpöwüşginli boldy. Welaýatymyzyň
etrap-şäherlerinden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans
toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny hasam artdyrdy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp
ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary, «Bagtyýarlyk» tans toparynyň
tanslary el çarpyşmalar bilen garşylandy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň
aýdymçylarynyň halk aýdymlary, «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa
toparynyň «Küştdepdi» tansy has-da göwün
göteriji boldy.
Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji
synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik
gyzjagaz — 2024» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki nebitçilik
orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan
eýjejik gyzlar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar
çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Geýen
milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini goşgularyň üsti bilen
taryp etdiler. Ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän
el işlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Şatlyk-şowhunly geçen
bäsleşigiň netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 2-nji
synp okuwçysy Merýem Seýitmämmedowa birinji, Gyzylarbat etrabyndaky 25-nji orta
mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Leýli Saparmyradowa ikinji orunlara mynasyp
boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar
Türkmenbaşy
şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,
welaýat häkimliginiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde
guramagynda «Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy iş
tejribäni öwrenmek we ýaýratmak, halypaçylyk işlerini netijeli guramak boýunça
alnyp barylýan usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahat
geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kenarýaka şäherdäki mekdebe çenli çagalar
edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Welaýatymyzdaky
mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, şeýle hem bilim
işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesi esasynda
taýýarlanan okuw-görkezme esbaplarynyň we usuly işleriniň sergisi bu
möhüm çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Usuly-amaly
maslahatda çykyş edenler mekdebe çenli çagalar edaralarynda öňdebaryjy iş
tejribeleri öwrenmegiň we ýaýratmagyň, halypa-şägirtlik işlerini alyp barmagyň
ýollaryny dowam etdirmegiň ugurlary barada içgin pikir alyşdylar, «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmegiň
ýollaryny kesgitlediler. Ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesil barada
edýän uly aladalary üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş
sözleri çärede öwran-öwran dile getirildi.
Türkmenbaşy şäherinde türkmen halkynyň milli medeni
mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly
maslahat «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» diýlip atlandyryldy. Ony
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň
Sekretariaty hem-de Balkan welaýat häkimligi bilelikde guradylar.
Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň
girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergi dabaraly maslahatyň özboluşly badalgasyna
öwrüldi. Sergini synlanlar muzeý gymmatlyklary, türkmen zenanlarynyň zehininden
dörän nusgalyk el işleri hem-de beýleki medeni gymmatlyklarymyz bilen ýakyndan
tanyşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary, Ependiniň
şorta sözlerinden ýerine ýetirilen parçalar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Şeýle
täsirli pursatlar bilen başlanan dabaraly maslahatda türkmen halkynyň dünýäniň
ruhy-medeni ösüşine uly goşant goşandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýan
milli medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmekde, baýlaşdyrmakda hem-de dünýä
ýaýmakda ýetilen belent sepgitler, üstünliklere beslenýän döwletli tutumlar
dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onda çykyş edenler BMG-niň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyň
netijesinde, ýurdumyzyň 20-den gowrak taryhy, tebigy, medeni we ýazuw
ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň
sanawlaryna girizilmegini munuň buýsançly subutnamasy hökmünde mysal
getirdiler. Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan
gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçiljek akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň «Dünýäniň
hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň
2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly
seneleriň sanawyna girizilmeginiň halkymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny
döredendigi aýratyn nygtalyp geçildi.
Dabaraly
maslahatda umumadamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli medeni
mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda
ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan
alkyşly sözler belentden-belent ýaňlandy.