Ýeňiş gününe bagyşlandy
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş
güni mynasybetli Balkan welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň hem-de
jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet
konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde aýdym-sazly çäre
geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler aldym-berdimli
söweşlerde, merdana gerçekleriň görkezen gahrymançylygy, tylda zähmet
çekenleriň edermenligi hakynda gürrüň etdiler, olaryň sarpasynyň hemişe
belentdigini buýsanç bilen bellediler. Ýaşlara watansöýüjilik ýörelgesini öz
ömürleriniň manysyna öwürmelidiklerini ündediler.
Dabarada welaýat medeniýet müdirliginiň sungat
ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik
işleriň, asuda hem-de parahat ýurdumyzyň waspyny ýetiren şirinden-şirin
aýdym-sazlar el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda uruş döwrüniň ýowuz
günlerini gören adamlara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Soňra harby
gullukçylaryň muzeýe gezelenji guraldy. Olar şöhratly taryhymyzy,
pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri şöhlelendirýän muzeý
gymmatlyklaryna syn etdiler.