«Soňky jaň» dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi
Orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli
geçirilýän «Soňky jaň» dabarasy welaýatymyzyň bilim ojaklarynda hem ýokary
guramaçylyga eýe boldy. Orta mekdepleri tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna ak
pata alýan uçurymlaryň Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýurdumyzyň
berkararlygynyň baş nyşanlarynyň biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül
desselerini goýup, oňa tagzym etmekleri Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly
toýlanýan «Soňky jaň» dabarasyna badalga berdi.
Soňra
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly
şygar astynda geçýän esasy dabara welaýat merkezindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta
mekdepde dowam etdi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň uludan
toýlanjak ýylynyň uçurymlary, bilim
işgärleri, ata-eneler welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleri, welaýat Baş bilim
hem-de medeniýet müdirlikleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen
dabaranyň hormatly myhmanlary boldular. Dabaranyň açyk diýlip yglan edilmegi
bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy. Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we
ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda
ruhubelentlik döretdi.
Ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döredýän
şert-mümkinçilikleri üçin dabarada çykyş edenler Milli Liderimize hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdyp, şanly ýylyň
uçurymlaryna özbaşdak durmuşyň nurana ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle
göwün göteriji arzuwlaryň dowamy 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli
tamamlanýandygyny alamatlandyrýan soňky jaňyň owazyna ulaşyp, şol pursat
uçurymlaryň ak arzuwlarynyň nyşany bolan ak kepderiler, dürli röwüşli howa
şarlary asuda asmanyň bezegine öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda okuwyny ýokary bahalar bilen
tamamlap, dürli ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlik gazanan uçurymlara
Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň, mekdep
okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy tutumlary,
paýtagtymyz Aşgabadyň şäheriniň gözellikleri, abadan durmuşymyz wasp edildi.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat
kitaphanasyna guralan gezelençler uçurymlara ýatda galyjy pursatlary peşgeş
berdi. Tanymal sungat ussatlarynyň, mekdep okuwçylarynyň welaýat kitaphanasynyň
öňünde guran aýdym-sazly çykyşlary hem baýramçylyk gününiň täsirli çäreleriniň
üstüni ýetirdi.