Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan
Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynda welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen
aýdym-sazly dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň
rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýollaryň açylýandygy, ulgamyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda uly sepgitlere ýetilýändigi
hemmeleri guwandyrýar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bu hakykaty öwran-öwran
nygtap, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini, halypalara uly
hormat-sarpa goýulýandygyny, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny,
zähmetini gaýgyrmadyk ussat halypalaryň sungatyň dürli ugurlarynda döreden
özboluşly ýol-ýörelgeleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygyny
buýsanç bilen bellediler.
Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň, mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň
gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda welaýatymyzyň aýdym-saz we tans
toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, Arkadagly
Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.
Medeniýet we
sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli
Balkanabat şäherindäki Türkmeniň Ak öýi binasynyň toý dabaralar zalynda
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda aýdym sazly
baýramçylyk çäresi geçirildi.
Geçen ýyl 15 gektar meýdana bugdaý ekip, her
gektardan30 sentner hasyl ýygnan Guwanç
Täçmyradow — ene topraga yhlasy bilen hormat gazanan daýhanlaryň
biri. Onuň buýsançly gürrüňlerinden ýylboýy çeken zähmetiniň ýerine düşendigini aňmak kyn däl.
— «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, tüweleme, bugdaýymyz bitginli boldy. Kärendesine alan 5 gektar meýdanymdan oňat hasyl aldym. Gazanan zähmet üstünligimiz döwlet
derejesinde edilýän aladalaryň miwesidir.
Sebäbi ýer eýeleri döwletimiz tarapyndan
ähli aladalar bilen gurşalandyr — diýip, gallaçykärendeçi gürrüň berýär.
Indi on bir ýyl bäri ene topraga hyzmat edip gelýän kärendeçi ýigit bilen gürrüňimiz alşyp gitdi.
Görüp otursak, ol 5 gektar meýdanda gowaça ekip, oňa ideg işlerinem utgaşykly alyp barýan eken. 3 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek hem onuňşu günlerki esasy aladalarynyň biri. Guwanç oba hojalyk ekinleriniň
bu görnüşlerinden hem bereketli hasyl almakda ýeterlik tejribe
toplapdyr. «Elbetde, toprak bilen dil tapyşmak ilkibada kynrak bolýar eken. Şonda
agam Saparmämmet Täçmyradow el we dil kömegini gaýgyrmady, daýhançylykda esasy halypam boldy. Häzire çenli hem meýdan
işinde bir zatdan göwnüm suw içmese, oňa
geňeşýärin. Derrew işler oňuna bolup
gidiberýär» diýip, Guwanç gürrüň berýär.
Halypanyň aýdanlaryna berk eýerýän kärendeçi daýhana yhlasly zähmeti rysgal-bereket,
abraý-hormat getirýär. Ol geçen ýyl «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolýar. «Halal zähmet çekeniň gadyrynyň bilinýän ajaýyp
döwrümiz bar. Halkyna şeýle döwri peşgeş
beren Gahryman Arkadagymyza,
ajaýyp döwrüň binýadyny has-da berkidýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys» diýip, Serdar etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi G.Täçmyradow nygtaýar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň galla hasylyny öz
wagtynda ýygnap almakda gyzgalaňly dowam edýän joşgunly zähmete awtoulag
sürüjileri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Öndürijilikli zähmeti bilen
tapawutlanýan şeýle sürüjileriň birem “Balkanawtoulag” önümçilik birleşiginiň
sürüjisi Rejepmämmet Babaýewdir. Ol özüniň erk edýän “KamAZ” kysymly awtoulagy
bilen jogapkärli möwsümiň ilkinji günlerinden joşgunly zähmetiň jümmüşinde.
— Men
2007-nji ýyldan bäri galla oragyna gatnaşyp, daýhanlarymyzyň ýetişdiren ak
bugdaýynyň isripsiz ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylmagyna goşandymy goşup
gelýärin. Özüm Bereket etrabynda doglup, şol ýerde hem önüp-ösdüm. Şonuň üçin
ekerançylyk — meniň üçin tanyş iş. Ýetişdirilen hasyl — tutuş halkyň rysgaly.
Ony ýygnamak işi örän jogapkärli, muňa oňat düşünýäris. Her günde awtoulagym
bilen 30-40 tonna töweregi bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna daşamagyň hötdesinden
gelýärin — diýip, Rejepmämmet gürrüň berýär.
Serdar etrabynyň ekin meýdanlaryndan ýygnalýan bugdaý hasylyny galla kabul edýän nokatlara daşamakda
«Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Baýram Baýramdurdyýew hem
göreldeli zähmet
çekýär.
— Ak bugdaýyň egsilmeýän berekedi — halkymyzyň tutuş ýylyň dowamynda iýjek çöregi. Çörek bolsa halkymyz üçin iň mukaddes zatlaryň biridir. Şonuň üçin hem galla oragyna gatnaşmagy özümize bildirilýän uly ynam hasap edýäris. Şol ynamy ödemek abraý-hormatyňy beýgeldýär. Indi on ýedi ýyl bäri galla oragyna gatnaşyp gelýärin. Ak bugdaý harmanlarynyň gözümiziň alnynda beýgelip barýandygy göwnümizi göterýär. Şonuň üçin hem biz işde hiç hili argynlyk duýamzok. Öndürijilikli işlemekde döredilýän şert-mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys — diýip, «KamAZ» kysymly ýük awtoulagy bilen mydama hyzmata taýyn sürüji gürrüň berýär. Az wagtlyk gürrüňimiz paýawlandessine sürüji ulagyny işledip, bugdaý hasylyny ýygnaýan kombaýnlara tarap ugrady.