Şatlyk-şowhuna beslendi

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan
Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynda welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen
aýdym-sazly dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň
rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýollaryň açylýandygy, ulgamyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda uly sepgitlere ýetilýändigi
hemmeleri guwandyrýar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bu hakykaty öwran-öwran
nygtap, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini, halypalara uly
hormat-sarpa goýulýandygyny, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny,
zähmetini gaýgyrmadyk ussat halypalaryň sungatyň dürli ugurlarynda döreden
özboluşly ýol-ýörelgeleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygyny
buýsanç bilen bellediler.
Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň, mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň
gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda welaýatymyzyň aýdym-saz we tans
toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, Arkadagly
Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.