Habarlar

Yhlas ýerine düşýär

21.06.2022

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň galla hasylyny öz wagtynda ýygnap almakda gyzgalaňly dowam edýän joşgunly zähmete awtoulag sürüjileri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Öndürijilikli zähmeti bilen tapawutlanýan şeýle sürüjileriň birem “Balkanawtoulag” önümçilik birleşiginiň sürüjisi Rejepmämmet Babaýewdir. Ol özüniň erk edýän “KamAZ” kysymly awtoulagy bilen jogapkärli möwsümiň ilkinji günlerinden joşgunly zähmetiň jümmüşinde.

         — Men 2007-nji ýyldan bäri galla oragyna gatnaşyp, daýhanlarymyzyň ýetişdiren ak bugdaýynyň isripsiz ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylmagyna goşandymy goşup gelýärin. Özüm Bereket etrabynda doglup, şol ýerde hem önüp-ösdüm. Şonuň üçin ekerançylyk — meniň üçin tanyş iş. Ýetişdirilen hasyl — tutuş halkyň rysgaly. Ony ýygnamak işi örän jogapkärli, muňa oňat düşünýäris. Her günde awtoulagym bilen 30-40 tonna töweregi bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna daşamagyň hötdesinden gelýärin — diýip, Rejepmämmet gürrüň berýär.