Habarlar

Daýhan azabynyň miwesi

22.06.2022

Geçen ýyl 15 gektar meýdana bugdaý ekip, her gektardan30 sentner hasyl ýygnan Guwanç Täçmyradow — ene topraga yhlasy bilen hormat gazanan daýhanlaryň biri. Onuň buýsançly gürrüňlerinden ýylboýy çeken zähmetiniň ýerine düşendigini aňmak kyn däl.

— «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, tüweleme, bugdaýymyz bitginli boldy. Kärendesine alan 5 gektar meýdanymdan oňat hasyl aldym. Gazanan zähmet üstünligimiz döwlet derejesinde edilýän aladalaryň miwesidir. Sebäbi ýer eýeleri döwletimiz tarapyndan ähli aladalar bilen gurşalandyr — diýip, gallaçykärendeçi gürrüň berýär.

Indi on bir ýyl bäri ene topraga hyzmat edip gelýän kärendeçi ýigit bilen gürrüňimiz alşyp gitdi. Görüp otursak, ol 5 gektar meýdanda gowaça ekip, oňa ideg işlerinem utgaşykly alyp barýan eken. 3 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek hem onuňşu günlerki esasy aladalarynyň biri. Guwanç oba hojalyk ekinleriniň bu görnüşlerinden hem bereketli hasyl almakda ýeterlik tejribe toplapdyr. «Elbetde, toprak bilen dil tapyşmak ilkibada kynrak bolýar eken. Şonda agam Saparmämmet Täçmyradow el we dil kömegini gaýgyrmady, daýhançylykda esasy halypam boldy. Häzire çenli hem meýdan işinde bir zatdan göwnüm suw içmese, oňa geňeşýärin. Derrew işler oňuna bolup gidiberýär» diýip, Guwanç gürrüň berýär.

Halypanyň aýdanlaryna berk eýerýän kärendeçi daýhana yhlasly zähmeti rysgal-bereket, abraý-hormat getirýär. Ol geçen ýyl «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolýar. «Halal zähmet çekeniň gadyrynyň bilinýän ajaýyp döwrümiz bar. Halkyna şeýle döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, ajaýyp döwrüň binýadyny has-da berkidýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys» diýip, Serdar etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi G.Täçmyradow nygtaýar.