Habarlar
29.09.2023

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, ol türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guraldy.

Bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, keşde çekmäge taýýarlyk görüşleri barada gürrüň berdiler. Bellenen wagtyň dowamynda keşde çekip, saýlap alan nagyşlarynyň waspyny çeper beýan etdiler. Özleriniň dürli nagyşlar bilen sünnälän milli lybaslaryny geýnip, keşdeleriň taryhyny açyp görkezýän rowaýatlary gürrüň berdiler, keşdeleri goşgularyň we gazallaryň üsti bilen tarypladylar.

Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbangül Esenowa, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkanabat şäher şahamçasynyň baş hünärmeni Gülmira Mämmedowa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Näzgül Annagulyýewa bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

28.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň  uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek  hem-de  daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek barada resminamalara gol çekdi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly,  welaýatymyzda  hem Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň pasportlaryny we daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçen dabarada welaýatymyzda ýaşaýan adamlaryň 64-sine Türkmenistanyň raýatlyk pasportlary, şeýle hem daşary ýurtlylaryň 19-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar gowşuryldy. Pasportlara we ygtyýarnamalara  mynasyp bolan adamlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

          Soňra dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren buýsançly çykyşlarynda ata Watanymyzyň ajaýyp zamanadaky ösüşleriniň waspy ýetirildi.  

27.09.2023

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy welaýatymyzda hem uludan tutuldy. 27-nji sentýabrda ir säher bilen welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda dabara geçirildi. Dabarada Döwlet senasynyň belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra baýramçylyk gutlaglaryna, giň mazmunly buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Olarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlaryň, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tutumlaryň  rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy.

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, belent heňde ýerine ýetiren şirin aýdymlary bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy. Aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, belent maksatly işleriň waspy ýetirildi.

Naýbaşy baýramymyz welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem şowhunly dabaralara beslendi.

22.09.2023

Balkanabat şäherindäki«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň täsirli pursatlara baý bolan çykyşlary baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary ruhubelentlikde garşylaýan welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý sowgady boldy. Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber Rahmanowanyň, Türkmenistanyň  at gazanan artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň, şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň, Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň köpugurly üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlaryň mazmunyny düzdi. Şonuň üçin hem ajaýyp sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, tomaşaçylary gurşap alan ýokary ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan welaýatyň ilatynyň buýsanç we bagtyýarlyk duýgularynyň beýanyna öwrüldi.

20.09.2023

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyňMaddy däl medeni mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň20 ýyllygy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyz — egsilmez hazynamyz» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyňsekretariatynyň we welaýat häkimliginiň bilelikde guran maslahatyna gatnaşyjylar, ilkibilen, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp, onuň bölümleri, eksponatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra medeni mirasymyz bolan muzeý gymmatlyklary baradaky çykyşlara uly orun berildi.

ÇykyşlardaTürkmenistanyň BirleşenMilletlerGuramasynyň bilim, ylymwemedeniýetboýunçaguramasyna (ÝUNESKO) agzalygakabuledilmeginiň 30 ýyllygyhem-deÝUNESKO-nyň MaddydälmedenimirasynygoramakhakyndakyKonwensiýasynyňkabuledilmeginiň 20 ýyllygymynasybetlibuýsançlysöhbetedildi. Her welaýatyňwekiliniň öz welaýatynyň çäklerinde saklanyp galan taryhy we tebigy ýadygärlikler hem-de maddy däl medeni miras gymmatlyklarybarada beren gürrüňleri täsirli boldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyňarasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geçen 30 ýylynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Halkara sanawlaryna girizilen we ýakyn geljekde bu sanawlara girizilmäge mynasyp hasaplanýan ýadygärlikler we medeni miras gymmatlyklary babatynda maglumatlary we teklipleri aýtdylar.

Soňramaslahatwelaýatkitaphanasynda«Kitaphana — medenimirasyň lokalmerkezi», «Maddydälmedenimirashäzirkizamanmuzeýlerinde: nazaryýetweusulyýet» atlybölümçelerdedowametdi. Bu ýerde adamzadyň ruhy dünýäsi bolan halk döredijiligi, ruhy medeniýetiň ojagy hasaplanýan kitaphana ulgamy, şöhratly taryhymyz, türkmen şekillendiriş sungatynda milli gymmatlyklaryň beýan edilişi, taryhy gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmekde usuly tejribäniň tutýan orny, milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy barada çykyşlar guralyp, pikir alşyldy, teklipler seljerildi.