Habarlar
29.12.2023

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahat hem-de köpugurly sergi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda taryhy waka boldy. Balkanly ýaşlaryň öňdebaryjylary bu maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Munuň üçin agzybirlikde welaýat kitaphanasyna ýygnanan ýaşlar köpugurly serginiň hem-de halkara derejeli maslahatyň barşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyna mynasyp bolan ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen has içgin tanyşdylar. Ýaşlaryň birnäçesiniň ýylyň jemleri boýunça döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy balkanly ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň üçin Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk sözleri ýaşlaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.

         Şeýle hoşallyk sözleri halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem-de  tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaranyň dowamynda hem joşgunly ýaňlandy. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabarada çykyş edenleriň aýratyn nygtaýyşlary ýaly, halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşindäki mynasyp ornuny has-da aýdyň görkezdi. Dabarada şeýle möhüm ähmiýetli maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertleri döredip beren hem-de maslahatyň öňüsyrasynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby sowgat eden hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyna ýene bir ýola alkyş sözleri aýdyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary bolsa şeýle alkyşly sözleriň mazmun baýlygyny has-da artdyrdy.

25.12.2023

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guran aýdym- sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly çärede çykyş edenler, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri barada gürrüň etdiler. Şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly ýylymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan  çalt depginlerde durnukly ösdürmekde ýetilen we ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda amala aşyrylan giň gerimli tutumlar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.  

Şatlyk-şowhunly çärede aýdym-sazly çykyşlara giňden orun berildi. Belentden-belent ýaňlanan aýdym-sazlar, tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp zamanamyz, Täze ýyl baýramy wasp edildi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň degişme sahnasy hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

22.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýdyp, bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi şu günler berkarar Watanymyzyň her bir raýatyny gurşap alan toý şatlygynyň gözbaşyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu tabşyryklarynyň anyk çözgüdine eýe bolýandygyny welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň bazarlaryna, söwda nokatlaryna baranyňda-da doly göz ýetirýärsiň. Söwda nokatlarynda harytlar köp. Bu bolsa bazar bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini tassyklaýar. Munuň üçin Täze ýyl baýramçylygyny ýüreklerine jaý edip garşylaýan, ony mukaddes ojaklarynda agzybirlikde bellemek üçin ýakymly aladalara berlen bagtyýar raýatlaryň her biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

         Göwünleri toý şatlygyna, dilleri alkyşly sözlere beslenen bagtyýar adamlary aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň ýene biri alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli, ýokary hilli harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagydyr. Milli buýsanja öwrülen bu üstünlikde hususy işewürleriň, telekeçileriň uly goşandyny nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary, şol döwletli tutumlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde türkmen işewürleri belent sepgitlere ýetýärler. Häzirki wagtda olaryň hödürleýän hyzmatlary, durmuşa geçirýän işleri, öndürýän dürli önümleri dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen guwandyrýar.

Täze ýylyň bosagasynda gyzyşan baýramçylyk söwdasyny synlanyňda, hormatly Prezidentimize ýene bir ýola ýüregiň töründen çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarsyň. 

13.12.2023

Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, medeniýet  işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylaryň agzybirlik bilen gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.

         Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Dabarada baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählumumy bähbitlere gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

         Welaýatymyzyň sungat ussatlary belentden ýaňlanan aýdym-sazlarynda, görkezen sahnalarynda beýik gymmatlyk bolan hemişelik Bitaraplygymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy wasp etdiler. Şunuň ýaly çuň mazmunly medeni çykyşlaryň dowamynda asuda asmany parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderilerdir dürli reňkli şarlar bezedi.

 Halkymyzyň hemişelik Bitaraplygymyza bolan çäksiz buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň özboluşly beýanyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslendi. 

08.12.2023

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar. 

Welaýatymyzyň  medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň artustleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzyň ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnanalara ruhy lezset paýlady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ulsumyzyň röwşen geljegine gönükdirilen belent hem döwletli tutumlarynyň mundan beýlägem rowaçlanmagy baradaky ýagşy arzuwlar bolsa ýerine ýetirilen  döwrebap aýdym-sazlaryň esasy mazmunyny düzdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň birleşen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» diýen aýdymy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.