Gerçeklere ebedi hormatyň nyşany
Welaýatymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79
ýyllygy ýokary ruhubelentlikde
bellenip geçildi. Taryhy senä bagyşlanan esasy çäre Balkanabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärliginiň ýanynda bolup, welaýat
we Balkanabat şäher häkimlikleriniň,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler,
hormatly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar
ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.
Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň
görkezen edermenlikleri bu ýerde ýene
bir gezek hormat bilen ýatlanyldy. Dabara ýygnananlar halk hakydasynyň mizemez nyşany bolan «Baky ot» ýadygärligine ter gülleri goýup, Watan üçin söweşen gerçekleriň gahrymançylygynyň öňünde tagzym etdiler.
1941 — 1945-nji
ýyllaryň
Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem baýramçylyk çäreleri ýokary
guramaçylykda geçirildi. Olarda pederlerimiziň geçen
şöhratly ýoly, uruş döwrüniň kynçylykly günleri ýatlanyldy. Hormatly Prezidentimize uruş weteranlaryna, tylda zähmet çeken ildeşlerimize goýýan
hormat-sarpasy üçin alkyş sözleri
aýdyldy.