Ýeňiş gününiň şanyna

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş
güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde
ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri
«Watan goragy mukaddesdir» ady bilen Balkanabat şäher häkimliginiň, şäher
medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa uruşda wepat bolan esgerleriň
ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri
gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler asuda durmuş üçin baş goýan gahrymanlarymyzyň, merdana esgerlerimiziň
görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri hakynda gürrüň berdiler, ýaş
nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olaryň nusgalyk mekdep bolup
durýandyklaryny nygtadylar. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy
ugrunda döş gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda
zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasynyň mydama belent tutulýandygyny buýsanç
bilen bellediler. Halkymyzy eşretli hem-de bolelin durmuşda ýaşadýan Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Dabarada şäher
medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň
orun berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, Beýik Ýeňşiň,
dost-doganlygyň waspy belentden ýetirildi. «Miras», «Nurana», «Tumar» tans
toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary baýramçylyk dabarasyna
gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebiniň talyp ýaşlarynyň «Küştdepdi» tansy el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Baýramçylyk
çäresiniň ahyrynda uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet
çekenlere jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşuryldy.