Habarlar

«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry

03.07.2024

Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendir. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.

Bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Halkymyzyň milli keçesiniň  ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmek, gelin-gyzlarda zenan edebini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy.

«Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri, ýagny ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny çykamak ýaly işleri birin-birin ýerine ýetirdiler. Bu işlerde zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Dürli gülleri salmak arkaly boýy 1,5 metre, ini 1 metre deň bolan keçeleri bellenen wagtda ýasamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Iki ýüzli keçäniň görnüşleri, olara salynýan nagyşlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, keçe nagyşlaryndan söhbet açýan gadymy rowaýatlary, yrymlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirdiler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edip, öz ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň üsti bilen beýan etdiler. Halkymyzda «Keçe göwünli gelnim, kiçi göwünli gelnim» diýen aýtgynyň gaýyn-gelin gatnaşygynda agzybirligi ündeýändigi, enelerimiziň ýaş gyzlary ýa-da täze gelni el işleri bilen bagly tymsallaryň üsti bilen terbiýeländikleri barada gürrüň berdiler. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan el işlerimiziň, milli mirasymyzyň has içgin öwrenilmegine giň ýollary açýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimizi ýaş nesillere öwretmekde tagallalaryny, yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Diýseň gyzykly hem täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Çynar Meňlidurdyýewa birinji, şol etrabyň Sülmen oba medeniýet öýüniň guramaçysy Sapartäç Mollaýewa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.