Welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat döwlet drama teatrynda
welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda «Sahna
ussatlygy ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi.
Teatrlaryň döredijilik işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan
oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny
gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine
höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik
ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň
gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.
Bäsleşikde halk teatrlarynyň arasynda Bereket etrap medeniýet bölüminiň
halk teatry birinji orna, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk teatry
ikinji orna, Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň Hazar şäherçesiniň «Döwürdeş»
halk teatry üçünji orna mynasyp boldular. Gurjak teatrlarynyň arasynda bolsa
Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk gurjak teatry birinji, Türkmenbaşy
şäher medeniýet bölüminiň «Ýartygulak» halk gurjak teatry ikinji orunlary
eýlediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik
işgärlerine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýat döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly sahna eseriniň ilkinji
görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň
baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy.
Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan
edilmegi mynasybetli «Gilgameş» dessany esasynda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny
turuwbaşdan dartgynly wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň
«Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzyň
günortasynda dörän irki şäherler bilen Mesopotamiýadaky şumerleriň arasynda
söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada getirilýän maglumatlara
esaslanyp sahnalaşdyrylan spektakl halkymyzyň medeni mirasyny, müňýyllyklara
uzaýan geçmiş taryhyny şu günki günüň
tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edinýär.
Taryhy
wakalar içinden eriş-argaç bolup geçýän taryhy spektaklda Rejep Nazgurbanow,
Myratberdi Sätiýew, Annasoltan Berdiýewa, Laçyn Nuryýewa, Gülnur Hajymämmedowa,
Amansoltan Nepesowa, Hydyrberdi Hydyrow, Gurban Anjykow, Ýakup Öwezow, Arslan
Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen
ýerine ýetirmegi başardylar. Spektaklyň sahna bezegini Kuwwat Mämmetnepesow
ýerine ýetirdi.
Welaýat merkezinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan dabaraly çäreler ýokary
ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda
bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, iri edara-kärhanalarda sportuň dürli
görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna giň orun
berildi. Bahar paslynyň ir säherinde edara-kärhanalarda sport maşklarynyň
ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga
alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe
welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet,
saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän
ugrunda medeni çäreler giň gerimde
ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da
belende göterdi. Ýolugra ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa eden
ýörişe gatnaşyjylar halkymyzyň saglygyny
goramakda we berkitmekde edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözlerini aýtdylar.
Balkanabat şäherindäki
köpugurly sport
toplumynyň öňünde «Arkadagly Gahryman
Serdarymyz bilen öňe barýar sagdyn
nesil» diýen at bilen geçirilen çäreler hem juda täsirliligi bilen
tapawutlandy. Ol ýerde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen
joşgunly tanslarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik
işleriniň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň waspy belentden
ýetirildi. Bu ýerde türgenleriň sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýerine ýetiren
görkezme çykyşlary baýramçylyk çäresiniň täsirliligini artdyrdy.
Şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler welaýatymyzyň
ähli etrap-şäherlerinde giň gerimde ýaýbaňlandy.
Mukaddes Oraza
aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde
täze metjit açylyp ulanmaga berildi.
Welaýatymyzyň dürli künjeklerinden
gelen il sylagly ýaşulular täze metjidiň açylyş çäresiniň dowamynda bu ajaýyp ymaratyň
içine aýlanyp, onda däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin döredilen ähli amatlyklar
bilen içgin tanyşdylar. Olar metjidiň döwrebap mümkinçiliklerine göz ýetirip,
halkymyzyň dini ynançlaryny we garaýyşlaryny erkin berjaý etmegi üçin ähli
şertleri döredýän, milli medeniýetimizi we mirasymyzy täze belentliklere
göterýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş
sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň müftüsiniň
müdiriýetiniň buýurmasy esasynda gurlan Balkanabat şäheriniň Hazar
şäherçesindäki täze metjidi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzasy bolan «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri
öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini
ulanmak bilen bina etdiler. Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn
çaýylan şekili goýlupdyr. Täze metjidiň haşamlanyp timarlanan minaralarynyň
dördüsi ymarata aýratyn görk berýär.
Bir wagtda 500 adamyň namaz okamagy
üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilen binanyň içki bezeglerinde deňiz
tolkunlarynyň, balyk teňňeleriniň şekilleri juda ussatlyk bilen ýerine
ýetirilipdir. Şeýle hem bu ýerde 500 orunlyk sadaka jaýy gurlup, metjitdäki we
sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleriniň gämi we ýelken görnüşlerinde bolmagy Hazar şäherçesiniň
balykçylaryň gadymy we şöhratly mekanydygyny
aňladýar. Täze metjidiň çäginde
awtoulaglar üçin ýörite duralga hem bar. Deňiz ýakasynda bina edilen metjit özüniň diňe bir binagärlik keşbi,
içerki we daşarky bezegleri bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň
bagy-bossanlyga bürelendigi bilen hem tapawutlanýar. Metjit agşamlaryna özüniň
älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýyp, şäherçäniň görküne
özboluşly nuranalyk keşbini eçilýär.
Hazar şäherçesine özboluşly bezeg
berýän täze metjitde agzaçar sadakasy berildi. Onda edilen aýat-töwirlerde
Gahryman hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyza bark jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
amala aşyrýan beýik işlerinde ebedi rowaçlyk, berkarar döwletimize gülläp ösüş,
halkymyza baky bagtyýarlyk dileg edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Änew — müňýyllyklardan
gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýat döwlet
drama teatrynda geçirildi. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly
ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara ýokary
ruhubelentlige beslendi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň kitabynyň
çapdan çykmagynyň şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy
giň äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan şanly
waka öwrülendigini nygtadylar.
Änew medeniýetiniň taryhy baradaky gyzyldan gymmatly maglumatlaryň her biri
ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. Ata-babalarymyzyň gurmak hem-de döretmek
ýaly sogaply ýörelgeleri, halkymyzyň şöhratly geçmişi barada giňişleýin gürrüň
edilýän ajaýyp kitaby okanyňda, keremli topragymyza, eziz Watanymyza bolan söýgiň
has-da artýar. Şöhratly pederlerimiziň, senetçi ussalarymyzyň guran binalarynyň
dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan sungatdygyny açyp görkezýän Änew
medeniýeti, ýadygärlikleri daşary ýurtly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne
çekýär.
Çykyş edenler şular dogrusynda gürrüň edip, milli däp-dessurlarymyzy,
medeniýetimizi we sungatymyzy beýan edýän eserini halkymyza peşgeş beren
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly
Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
çykyşlaryna giň orun berildi. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlarda gözel
Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp
barýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň waspy ýetirildi.
Ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.