Habarlar

Teatrlaryň bäsleşigi

15.04.2024

Welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat döwlet drama teatrynda welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda «Sahna ussatlygy ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi.

Teatrlaryň döredijilik işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Bäsleşikde halk teatrlarynyň arasynda Bereket etrap medeniýet bölüminiň halk teatry birinji orna, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk teatry ikinji orna, Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň Hazar şäherçesiniň «Döwürdeş» halk teatry üçünji orna mynasyp boldular. Gurjak teatrlarynyň arasynda bolsa Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk gurjak teatry birinji, Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň «Ýartygulak» halk gurjak teatry ikinji orunlary eýlediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik işgärlerine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.